Kädini uzak wagtlap saklap bolýar. Ol birnäçe aýyň dowamynda özüniň tagamyny we peýdaly häsiýetini ýitirmeýär.
Kädi az kaloriýaly önümdir. Onuň 100 gramynda 23 kkal bar. Düzümindäki witaminlerdir mineral duzlaryň käbir görnüşleriniň mukdary beýleki gök-bakja önümlerindäkiden köpdür. Karotiniň we demriň esasy çeşmesi bolan bu önümde kaliý, kalsiý, magniý, kobalt, mis elementleri we witaminleriň C, B2, B5, E, K, PP görnüşleri hem örän köp mukdarda saklanýar. Kädi görejiň kütelmeginiň, demir ýetmezçilikli ganazlygyň (anemiýa) ýüze çykmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.