Köpetdagyň etegindäki hoştap howaly ajaýyp künjekleriň birinde sebitde ilkinji «akylly» şähergurluşyk ýörelgesine eýerilip bina edilen Arkadag şäheri ilatyň, aýratyn hem, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, ruhubelent, berk bedenli bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri özünde jemleýär.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň Sport merkezinde — Suw sport toplumynda sportuň 2 görnüşi boýunça uly suw howzy, çagalar üçin attraksionly suw howzy, saunalar we 2 sany fitnes zaly, bejeriş-sagaldyş, naharhana otaglary bar. Toplumda tälimçi-mugallymlaryň tälim bermeginde, bir wagtda 90-dan gowrak türgen sport bilen meşgullanyp bilýär. Bu ýerde iş orunlarynyň 30-a golaýy döredilip, döwrebap zähmet şertleri ýola goýuldy. Suw sport toplumynyň gapylary türgenlere, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini özüne ugur edinen, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan raýatlar üçin açykdyr.