Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyna, milli ruhy gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berlip, milli halyçylyk sungatynyň täze many-mazmunda baýlaşmagy we nepis sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde döwrebap halyçylyk kärhanalarynyň gurulmagy gadymy senedimiziň dünýädäki meşhurlygynyň has-da artmagyna özboluşly şert döredýär.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde hem döwrebap Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljakdygy diýseň buýsandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda täze «akylly» şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşlygynyň barşynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy.