Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly başyny başlan tutumlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze depginlerine eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamany kabul etmegi hem hormatly Prezidentimiziň dünýäniň durnukly ösüşiniň strategik meseleleri bilen baglanyşykly öňe sürýän başlangyçlarynyň ählumumy goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. Ajaýyp zamanamyzda ähli ugurlar boýunça alnan belent badyň ýylyň-ýylyna durnukly ösüş depginini saklaýandygyna bolsa hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Mejlisde şu ýylyň alty aýynda edilen işler barada hormatly Prezidentimize berlen hasabatlarda geçen alty aýda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy aýdyldy. Bu görkezijiniň senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 9,3 göterime deň bolandygy ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, onuň maddyenjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, maglumatlary geçirmegiň köpugurly ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz Diýarymyzda ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň barha artýandygy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hut şu ýylyň arka atylan alty aýynda aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberiniň 12,7 göterim artandygy barada giňişleýin mejlisde berlen hasabat hem ösüşiň depgininiň näderejededigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak, hilini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, howa menzilleriniň durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda degişli çäreleri görmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak barada beren tabşyryklary ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar toplumynyň diňe zamanabap ösüşler bilen öňe gitmelidigini şertlendirdi.