Sahawat

17 Iýul 2024
497

Birkemsiz ukusyny alyp, irden oýanan Magtymguly ýerinden galdy-da, ýumşak basyşly gadamy bilen, hüjräniň açyk duran derejesiniň öňüne bardy. Daşardan gelýän tämiz howanyň badyna ýüzüni tutup, ep-esli eglendi. Hüjredeş dosty Maşak Hywaly Magtymgulynyň «Boýlaryňa» atly goşgusyny heňe salyp hiňlenýärdi. Ol birdenem sesini tapba kesip:

— Halypa, men size bir mysapyr bendäniň naçar gyzyna aşyk bolanymy ho-ol baýakyda aýdyp beripdim-ä! — diýip, hamala diýersiň ho-ol diwaryň burçundan arzyly magşugy bärsine bakyp, jyklap duran ýaly heýjanly dillendi. Magtymguly bärik ýöräp gelşine:

Meretgeldi ÖWEZOW.