Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylyp, oňa ýagşy umyt-arzuwlar, uly ynam bilen girişileni ýap-ýaňy ýalydy. Hasaplap otursak, ondan bäri alty aý, ýagny, ýylyň ýarysy geçipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüş-özgerişinde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylan netijeleri seljermäge-de esas berýär. Eýsem, welaýatymyzyň senagat kärhanalarynda nähili görkezijilere eýe bolundyka? Şanly ýylyň geçen döwründe bitirilen işler, gazanylan önümçilik görkezijileri tutuş ýyly şowly jemlemek üçin berk binýadyň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Has takygy, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 11 milliard 950 million manatdan gowraga barabar boldy. Öndürilen önümleriň 3,1 milliard manatlykdan gowragy ykdysadyýetiň döwlet bölegine degişli boldy. Üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary artyş depginleriniň nebit, himiýa, un üweýji-ýarma dürüşdelenen iým we azyk senagatynyň kärhanalarynda emele gelendigi bellärliklidir. Hasabat döwründe aýry-aýry senagat önümlerini öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolundy. Şu ýylyň tamamlanan alty aýynda geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä önümleriň öndürilişiniň artyş depgini benzin, nah ýüplük, sement, şöhlat önümleri we beýleki görnüşler boýunça bellenildi.