Her bir paslyň öz aýratynlygy bolýar. Tomus pasly babatda hem şeýledir. Bu pasylda berjaý etmeli düzgünler we iýmit kabul ediş kadalary bar. Bedeniň sagdyn bolmagyny üpjün etmek üçin howa aýratynlygyna üns bermeli. Bilşimiz ýaly, tomusda yssy, gyzgyn, güneşli howa köp bolýar, howanyň derejesi üýtgäp durýar. Bu bolsa adama täsir edýär. Gün şöhlesi D witaminini emele getirýär. Gün adamyň immun ulgamyny gowulandyrýar, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne Günüň aşagynda köp durmak hem zyýanlydyr. Şonda Gün urma hadysasy bolup geçýär. Ol howanyň gaty gyzmagy, Gün şöhleleriniň ýitileşmegi netijesinde ýüze çykyp bilýär. Şunuň bilen baglylykda, adam işlände, dynç alşa gidende, suwa düşende, Günüň ýiti şöhlesiniň täsirinden goranmalydyr. Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin amatly wagt ir säher sagat 6-dan 9-a çenlidir. Günortan açyk Günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Kelläňe başgap geýmegi, gözüňe Gün şöhlesinden goraýan äýnek dakynmagy, saýawan ulanmagy ýatdan çykarmaly däl.