Bedew münen hassa bolmaz

17 Iýul 2024
548

Ippoterapiýa (atly terapiýa) atly gezmek ýagdaýynda adam tarapyndan ýerine ýetirilýän bejeriş bedenterbiýesidir. Bu ugurda gadymy döwrüň alymlary hem öz ýazgylarynda belläp geçipdirler. Gippokrat sussupes, tukat adamlara atyň üstünde gezim etmegi maslahat berip, onuň erbet pikirlerden daşlaşdyrýandygyny aýdypdyr. XVIII asyrda ensiklopediýaçy Deni Didro öz eserinde: «Beden maşklarynyň arasynda birinji orun at münmeklige degişlidir. Onuň kömegi bilen köp sanly keselleri bejerip bolýar, hatda olar ýaňy ýüze çykyp başlanda, öňüni almak hem mümkindir» diýip belläp geçýär. Türkmen nusgawy şahyry Seýdi hem «Üsti bedewiň» atly şygrynda:

Bedew münen hassa bolsa sag olur,
Çeşmi hyra bolur, keýpi çag olur,
Köňli hup açylan täze bag olur,
Gunça-gülüstandyr üsti bedewiň —