Ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär

16 Iýul 2024
735

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan içeri hem daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy gazanylýar. Häzirki döwürde edermen daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, ene ýerden bol hasyl öndürmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli oba hojalyk özgertmeleriniň esasynda edermen gallaçylarymyz ýylyň-ýylyna bereketli toprakdan ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Ak bugdaýyň watany bolan ýurdumyzda edermen gallaçylarymyzyň alyn derinden kemala getirilen Watan harmany barha beýgelýär. Bütin ýylyň dowamynda ene topraga yhlas siňdirip, ak bugdaýdan bol hasyl alýan daýhanlaryň zähmeti ýerine düşdi. «Watan öňündäki borçnamalaýyn şertnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler» diýen buşlukly habarlary diňläniňde, köňüller buýsanja beslendi. Saçaklaryň bezegi, halkyň rysgal-döwleti bolan ak bugdaýdan bol hasyl almak ata-babalarymyzdan gelýän ekerançylyk medeniýetiniň barha rowaçlanýandygyna güwä geçýär.

Ine, ýurdumyzyň janypkeş babadaýhanlary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Ýakynda hormatly Prezidentimiz ähli welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen babadaýhanlarymyzy, bu arzyly ýeňşe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşan ähli oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän işgärleri gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen mähirli gutlady. Bu gazanylan ajaýyp zähmet üstünligi hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri baradaky edýän çuňňur aladalarynyň, obasenagat toplumyny ösdürmäge, onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, düýpli özgertmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Bu arzyly sepgide ýetmekde ussat kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, alymlaryň bugdaý ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda agzybirlik bilen çekilen zähmetiniň miwelerini görýäris.

«Mugallymlar gazeti».