Ýaşlaryň sporty gündelik hemrasyna öwürmeginde sport mekdeplerine möhüm orun degişlidir. Ine, sport mekdebimizde hem ýaryşlarda mynasyp çykyş etmäge ukyply türgenler kemala gelýär. Bu ýerde sportuň birnäçe görnüşinden türgenleşik işleri geçirilýär. Biz bu ýerde geljegini saýlap alan sport görnüşinde görýän ýaşajyk türgenleriň ilkinji ädimlerini ynamly ätlemeginden başlap, olaryň ähmiýetli ýaryşlara uzaýan ýolunyň binýadyny goýýarys.
Türkmen ýaşlarynyň sportda barha kämilleşmegi, ajaýyp netijelere eýe bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.