«Müň bir derdiň dermany» diýlip tarypy ýetirilýän, türkmen topragynyň datly nygmaty bolan gawunlar diňe bir süýji iýmit bolman, eýsem, ynsan saglygy üçin hem melhem hasaplanylýar. Gawundan taýýarlanylýan toşap, kak ýaly peýdaly önümler hem saglyk üçin örän peýdalydyr.
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýän gawunyň bejerijilik häsiýeti barada Abu Aly ibn Sinanyň, Muhammet Huseýiniň we beýleki alymlaryň işlerinde hem giňişleýin beýan edilýär. Gawun, köplenç halatda, gany az ýa-da tapdan düşen hassalara berlipdir. Bu nygmat bagyr kesellerini bejermekde hem peýdalanylypdyr. Böwrekde daş bolanda, gawun çigidini gyzgyn suwda owradyp içipdirler.