Halkyň hazynasy — nesilleriň buýsanjy

24 Iýun 2024
954

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, Daňdanakan galasynda, Daýahatyn kerwensaraýynda, Abu Seýit Abul Haýryň (Mäne baba) kümmetinde we onuň ýanyndaky orta asyr hanaka metjidiniň galyndylarynda arassalaýyş-berkidiş işleri alnyp barylýar. Şeýle işler Köneürgenç etrabynyň merkezinden günorta-günbatar tarapda ýerleşýän arheologik-binagärlik toplumyna degişli kerwensaraýyň peştagynda hem dowam edýär. Arheologik barlaglaryň dowamynda ýüze çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklary aýawly saklamak, öwrenmek, rejelemek we muzeýleşdirmek boýunça-da işler geçirilýär.

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginden geçýän kerwen ýolunyň ugrundaky öri meýdanlaryndan bu ýeriň ýaşaýjylary tarapyndan altyn teňňeler tapyldy. Olar bu gymmatlyklary meýletin esasda “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň «Daş metjit» halk hünärmentler muzeýiniň gaznasyna tabşyrdylar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň alymlarydyr hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary tapyndylary içgin öwrenip, degişli maglumatlary topladylar. Netijede, tylla teňňeleriň käbirleriniň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Goraghananyň ylmy işgärleri we hünärmenleri teňňeleriň tapylan ýerinde ylmy-gözleg işlerini-de geçirdiler. Şunlukda, bu ýerden Amyderýanyň köne akymynyň geçendigi anyklanylyp, gür ilatly ýaşaýşyň yzlary ýüze çykaryldy.

Maksatmyrat AMANOW,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bölüm müdiri. Surata düşüren Maksat GYLYJOW.