Häzirki ajaýyp döwrümizde gözel durmuşyň gözbaşy bolup durýan sporta çagalykdan ykbalyny baglaýan ýaş nesillerimiziň barha köpelmegi aýratyn guwandyryjydyr. Sport bilen meşgullanmak, bu ugurda saýlap alan görnüşiň boýunça öz ukyp-başarnygyňy görkezmek, kämilleşmek üçin bolsa ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 5-nji synpyny tamamlan Medine Gaýlyýewa hem sportuň karatedo görnüşinden geljegine uly umyt bildirilýän türgenleriň biri hökmünde özüni tanatmagy başardy. Ýaş zehiniň orta mekdepde okamaly döwrüniň orta menziline hem ýetmänkä gazanan üstünlikleri bilen tanyş bolanyňda, «Tüweleme, berekella!» diýeniňi duýman galýarsyň.
Medine Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebinde hereket edýän karatedo boýunça gurnaga gatnap ugranynda onuň ýaňy alty ýaşy dolupdy. Halypasy, gara guşagyň 3-nji danynyň eýesi Nazmämmet Satlykgulyýewiň türgenleşiklerdäki her bir tabşyrygyny ýerine ýetirmäge yhlas bilen ýapyşmagynyň netijesinde ýaşajyk türgeniň ukypdyr başarnygy-da gün-günden artmak bilen bolýar.