Türkmen türgenleriniň üstünlikleri

31 Maý 2024
145

22 – 26-njy maý aralygynda Peruwyň paýtagty Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda 102 kilograma çenli agramda çykyş eden türkmen türgeni Süleýman Jafarow dünýä çempiony boldy.

Ştangany birden götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdiren Süleýman bu görnüşden altyn medal gazandy. Itekläp götermekde görkezen netijesi bolsa (170 kilogram) oňa bürünç medal getirdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogram (143+170) netije gazanan ildeşimiz umumy hasapda hem altyn medala mynasyp boldy.