Saglyga peýdaly ulag

31 Maý 2024
679

Hormatly Prezidentimizi beýik geljegi nazarlaýan toplumlaýyn başlangyçlary netijesinde eziz Diýarymyzda ekologiýa taýdan iň arassa ulag serişdesi hasaplanylýan welosipede sagdyn durmuşyň möhüm şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 6-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnuklu ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Ulaglaryň ähli gönüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýan ulag serişdesi bolan welosiped, ilkinji nobatda,adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňliginiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy eýýäm dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanylmagyna, bedende emele gelen artykmaç ýaglaryň aýrylmagyna getirýär.

Ogulbeg ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri.