Welaýatlardan habarlar

31 Maý 2024
591

Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Baýramyň öňüsyrasynda Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kämil önümi bolan gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Ýeri gelende bellesek, bu döwrebap enjamlar böwrek ýetmezçilikli näsaglary gemodializ usuly bilen bejerip, olaryň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmakda, ömür dowamlylygyny uzaltmakda uly ähmiýete eýedir.

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Eziz Diýarymyzda çagalaryň okamaklary, hünär öwrenmekleri, dynç almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredilýär. Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi çagalar üçin şatlykly waka boldy. Ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň eýeleri bolan çagalar we uly ýaşly ildeşlerimiz haýyr-sahawatly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.