Bagtyýarlygyň mekany

24 Maý 2024
530

Paýtagtymyz Aşgabat Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup, ähli ugurlarda ösýän şäherleriň birine öwrüldi. Türkmen paýtagtynyň milli aýratynlyklarymyz bilen utgaşýan ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy bolsa has-da buýsandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynda: «Aşgabady özgerdip, biz onuň diňe bir gözelligiň şäheri däl, eýsem, iň bagtly adamlaryň şäheri, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagty bolmagy hakynda alada edýäris» diýip ýazýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu ajaýyp günlerinde gözel Aşgabadyň nurana keşbine we onda ýaşamak, okamak, işlemek, döretmek, gurmak babatda üpjün edilen şert-mümkinçiliklere ser salanyňda, Milli Liderimiziň badalga beren beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünliklere beslenip, dowamat-dowam bolmagynyň netijesinde paýtagtymyzyň hakykatdan hem, bagtly adamlaryň şäherine, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagtyna öwülendigine buýsanç bilen göz ýetirýärsiň.

Döwran MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe we gimnastika kafedrasynyň uly mugallymy.