Mukamly dünýäniň bilbilleri

10 Maý 2024
569

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda  ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa sungat ojagymyzyň zehinli talyplary hem gatnaşdylar.

Ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň 1 ― 3-nji ýyl talyplarynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik türkmen milli, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano bagşy we ýekelikde aýdym aýtmak ýaly ugurlary öz içine aldy. Bäsleşigiň birinji tapgyry degişlilikde welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde, ikinji tapgyry bolsa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde geçirildi.

Batyr AKMYRADOW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň okuw-usulyýet işleri boýunça müdiri.