Şanly senä bagyşlandy

10 Maý 2024
605

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredilmeginiň 95 ýyllygy mynasybetli hasabat konserti boldy.

Konsert bilen ugurdaşlykda guralan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň çeken suratlarynyň sergisi hem örän täsirli boldy. Kirişli saz gurallarynda ýerine ýetirilen eserler sergä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Hanguly ÖWEZOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.