Kiçijek Sinba

9 Maý 2024
1104

Birdenkä öňüňizden ýolbars ýa-da gaplaň çykaýsa, gorkarsyňyzmy?! Gorkmaz ýaly-da däl. Olar çyksa, diňe bir kiçi ýaşly çagalar däl, eýsem, özümizden uly ýaşdakylar hem eýmense gerek. Sebäbi Janly tebigatyň milli muzeýine baranymyzda, ýolbarsyň hem gaplaňyň eýmendiriji nazaryny görüpdik. Ýöne men bu gezek ol gorkunç haýwanlar hakynda däl-de, multfilmlerde görkezilýän naşyja, mähirli ýolbars çagajygy barada gürrüň etmekçi. Özi-de ol beýleki ýolbarslar ýaly gorkuly däl-de, ýylgyryp ýören, degişgenje kiçijek ýolbars. Ony her birimizem gowy tanaýan bolsak gerek, ol biziň söýüp tomaşa edýän «Şa ýolbars» («Korol Lew») multfilmindäki kiçijek ýolbarsymyz — Sinba.

Gören bolsaňyz, multfilmde ýaňy dünýä inen Sinba — uly bir sähranyň hem janly-jandarlaryň ýolbaşçysy bolan şa ýolbarsyň ýeke-täk perzendi. Kiçiligine garamazdan, Sinba örän bilesigeliji bolup, ol tutuş sährada beýleki haýwanlar ýaly oýnasy, ylgap bökjekläsi gelýär. Ýöne oňa rugsat berilmeýär, sebäbi onuň daş-töweregi ýabany ýyrtyjylardan, duşmanlardan doly, üstesine-de, ol şa ýolbarsyň ýalňyz perzendi. Şonuň üçin-de, oňa beýleki deň-duşlary ýaly öýden uzaklaşmaga, nätanyş haýwanlar bilen gürleşmäge hem rugsat berilmeýär. Muňa garamazdan, bilesigeliji Sinba birnäçe haýwanlar bilen dostlaşyp, olar bilen köp kynçylyklary başdan geçirýär. Maşgalasyna hem janly-jandarlara howp salýan duşmanlardan üstün çykyp, iň soňunda, Sinbanyň özi kakasy ýaly ähli haýwanlaryň şasy bolýar. Söýgüli gahrymanymyza öwrülen Sinba bize dostlugy, agzybirligi, her bir işde gaýduwsyzlygy, ugurtapyjylygy öwretdi. Dostlugyň, agzybirligiň bar ýerinde bolsa kynçylyklar uzak eglenmeýär.

Merdan GARAÝEW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiň okuwçysy.