Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ejesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek gelnejäniň el işleriniň nusgalaryndan ugur alnyp, halyçy gelin-gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşik halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagy, wagyz etmegi, ýaş halyçylaryň has ökdelerini ýüze çykarmagy, olaryň bu käre bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýär.