Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebi ökde, ussat küştçüleriň ilkinji mekdebi hasaplanylýar. Bu mekdepde okan küştçüleriň, okaýan okuwçylaryň ençemesi özleriniň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny dürli ýaryşlarda görkezmegi başardylar. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň zehinli okuwçysy Merýem Agajanowa Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy. Ol dokuz ýaşyndan bäri küşt we şaşka mekdebine gatnap, sportuň bu görnüşini özleşdirmäge çalyşýar. Ol başlangyç synplarda okaýarka, synpdaş gyzjagazlarynyň arasynda küşt bilen içgin gyzyklanýanlary bardy. Olar küşt oýnunyň käbir göçümleri, düzgünleri barada aýdyp berýärdiler. Şonda Merýemde küşt oýnuny has içgin öwrenmek, doly özleşdirmek, bu ugurda ussatlyga ýetmek arzuwy döredi. Şol arzuw ony küşt we şaşka mekdebine getirdi.
Onuň ilkinji tälimçisi Saodat Açylowa, şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, sport ussady, Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) hünärmeni we emini Serdar Annaberdiýew. Ussat tälimçilerden tälim alýan Merýem jigimiz şu ýylyň 4-nji martyndan 17-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň ýokary ligasynda küştüň nusgawy görnüşi boýunça 1-nji orny eýeläp, Türkmenistanyň çempiony boldy. Ol bu ýaryşda oňat netijeleri görkezmek bilen, sport ussady derejesine eýe boldy. Şeýle-de şu ýyl Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndy toparyna kabul edildi. Ýaş küştçi 2023-nji ýylda geçirilen 20 ýaşa çenli aýal-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde hem altyn medala mynasyp bolupdy.