Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler welaýatymyzyň çäklerinde hem şatlyk-şowhuna beslenip, belent ruhda bellenip geçildi. Şol gün ir bilen welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim, sport ulgamynyň işgärleriniň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň biri bolan «Magtymguly» meýdançasynyň öňünden welosipedli ýörişe badalga berildi.