Hakykatdan hem, hurma ajaýyp tagamly iýmiş bolup, ol uly palma agajynyň miwesidir. Palma agajynyň boýy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 15 metre çenli ýetýär.
Palma hurmasy adamlaryň ilkinji medenileşdiren ösümligidir. Bu miwäni araplar “Ýaşaýşyň miwesi”, “Çölüň çöregi”, “Tebigatyň ammary” diýip atlandyrypdyrlar. Hurmany iýmit önümleri bilen ýerini çalşyp ulanmak mümkindir. Araplar hurmany çörek deregine hem ulanýarlar. Palma hurmasy beloga, ýaga, uglewoda, mineral maddalara, organiki kislotalara baýdyr. Guradylan hurma özünde ähli peýdaly maddalary saklaýar. Palma hurmasynyň bedene täsirleri: