Jemgyýetiñ, döwletiñ, milletiñ we her bir şahsyýetiñ ýaşamagy, işlemegi, döretmegi üçin iññän zerur bolan köp sanly wajyp hem-de gaýragoýulmasyz meseleleriñ içinde aýratyn orun maşgala baradaky meselä degişlidir. Çünki meseläniñ merkezinde ata-ene we perzent gatnaşygy, nesil dowamatynyň çeşmesi ýerleşýär.
Maşgala — jemgyýet, jemgyýet — maşgala, jemgyýet — şahsyýet, şahsyýet — jemgyýet, şahsyýet — şahsyýet gatnaşyklarynyñ ynsanyñ ruhy-ahlak dünýäsine utgaşykly ornaşmagynyñ netijeliligi, durmuşa ukyplylygy subut edilen hakykatdyr.