Bilimli, gujurly, bagtyýar nesil

30 Noýabr 2023
1628

Berkarar döwletimizde uly üstünliklere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini artdyrmak maksady bilen beýik özgertmeler amala aşyrylyp, giň gerimli işlere badalga berildi. Döwlet syýasatymyzdan ugur alýan bu ugurda bellenilenleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, şu günler biziň ýokary okuw mekdebimizde hem dürli sport ýaryşlary, ders bäsleşikleri we aýdym-sazly medeni çäreler yzygiderli guralýar.

Dürli dersler boýunça talyplaryň arasynda guralýan ders bäsleşikleri ýaşlaryň bilim derejelerini anyklamaga, olaryň bilimleri kämil derejede ele almaklaryna giň mümkinçilik döredýär. Geçirilýän sport ýaryşlary bolsa talyplaryň sporta bolan höwesini artdyrýar. Biz — ýaşlara her bir işde nusgalyk görelde görkezýän we halkymyzy giň mümkinçilikleriň gurşawynda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Begenç SALAMATOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.