Ýaşlar ýurduň geljegidir

25 Oktýabr 2023
1465

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, ýaşlar hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda hem esasy orunda durýar. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň geljegini şu günki bagtyýar ýaşlarda görýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlara okamaga, döretmäge, öz zehinlerini açyp görkezmäge ähli şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda bitirilen beýik işler sanardan köpdür. Täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy muňa doly şaýatlyk edýär. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, dünýäniň dürli ýurtlarynda halkara derejede geçirilýän ýaryşlara, dünýä çempionatlaryna gatnaşyp baýrakly orunlara eýe bolmagy hem ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalaryň ajaýyp miwesidir.

Kerim Atagulyýew,
Balkanabat şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.