Nesil terbiýesi — pederleriň paýhasy

24 Sentýabr 2023
1513

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil barada edilýän aladalar giň gerime eýe bolýar. Çünki sagdyn ruhly, berk bedenli, sagdyn pikirlenmegi başarýan her bir ýaş nesil ýurduň geljegi hasaplanýar.

Döwletimiziň Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkidýän, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen aýdyň maksatlarda, ýurdumyz we dünýä derejesinde gazanylýan üstünliklerde jemgyýetimiziň esasy bölegini düzýän ýaşlaryň orny diýseň uludyr. Ruhubelent ýaş nesiller — ata Watanymyzyň ezizliginiň hem-de mukaddesliginiň berk binýadydyr.

Arzygül ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.