Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseri bilen serpaýlamagy bagtyýar hem agzybir ilimizi uly ruhubelentlige atardy. Her bir döwür jemgyýetiň ösüşinde yz galdyrýan täze gymmatlyklary, şol gymmatlyklary dörediji şahsyýetleri öňe çykarýar. Ol gymmatlyklar diňe bir şu günki jemgyýetiň ösüşi däl, eýsem, geljekki nesliň ýaşaýyş mümkinçilikleriniň kuwwatly bolmagyna hem täsir edýär. Olar uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Tebigy zehinini, başarnygyny adamzat durmuşyna oňyn täsir ýetirjek haýyrly işlere bagyşlan şahsyýetler öz adyny taryha ýazmak bilen birlikde, milletiň mertebesini belende göterýärler, ýurduň ösüşine, nesilleriň terbiýesine oňyn täsir edýärler. Gahryman Arkadagymyz täze edebi-filosofik eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýatlamalary, gymmatly pikir-garaýyşlary hakynda söhbet edýär.
Mähriban Arkadagymyz täze kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleri, gymmatlyklary, aýratynlyklary, olary ýaş nesli döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemekde peýdalanmagyň maksatlary barada hem giňişleýin pikir ýöredýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň «Watan — enäniň kalby» atly bölümini okaýarkaň, Watan mukaddesligi, ene-ata mähribanlygy, olara hormat-sarpanyň, gadyr-gymmatyň ähmiýeti ruhuňa ornaýar. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat eje baradaky ýatlamalary ene mukaddesligini ýene bir ýola ör-boýuna galdyrýar.