Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň jebisligi

30 Awgust 2023
1349

Maşgala jemgyýetiň esasy sütüni bolup, durmuş gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir hem-de edep-terbiýe ojagydyr. «Maşgalam — baş galam» diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ata-babalarymyzdan gaýdýan asylly ýörelgelere salgylananymyzda hem, maşgala aýratyn ornuň degişlidigine göz ýetirmek bolýar. Olarda maşgalanyň gymmatlygy, mukaddesligi we agzybirligi baradaky düşünjeler öz beýanyny tapýar. Sebäbi çaganyň edepli, ilhalar, watansöýüji adam bolup ýetişmegi maşgaladaky terbiýä baglydyr. Ululara bolan söýgi we olara hormat goýmak öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýar. Maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygyny we abadan durmuşyny üpjün etmek, ýeňillikler bermek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwlet goragynda durýarlar» diýlip bellenilmegi hem munuň subutnamasydyr. Maşgala hukuk gatnaşyklary öz beýanyny tapýan maşgala kanunçylygynda maşgalany goramagyň döwlet kepillikleri bellenilip, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, şeýle hem maşgala gymmatlygyny goramaga gönükdirilen wezipelere laýyk gelýän möhüm durmuş şertleri göz öňünde tutulýar.

Maýsa Rejepmämmedowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň esasy hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.