"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ylym-bilim — ösüşlere şamçyrag

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösen döwletleriň hataryna girdi. Mähriban Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda eziz Diýarymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris diýip belleýär. Hakykatdan hem, ylym-bilimiň yzygiderli ösýändigini türkmen ýaşlarynyň halkara ylym-bilim olimpiýadalaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýandyklary hem aýdyň görkezýär. Biziň ata-babalarymyz ýurtda ylym-bilim, medeniýet we watansöýüjilik häsiýetleriniň berk binýadynyň bolmagyny hemişe arzuwlap gelipdirler. Bu gün asyrlarboýy edilen şol arzuwlar hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň döwrebap terbiýe, ylym-bilim almaklary üçin edýän atalyk aladalarynyň esasynda köpsanly çagalar baglary, mekdepler we ýokary okuw jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Her bir ylym-bilim edaralary täze innowasion tehnologiýaly enjamlar we kompýuterler bilen üpjün edilýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda sanly ulgam ornaşdyrylýar. Talyplaryň alan bilimleriniň netijeliliginde sanly ulgamyň orny örän uludyr. Dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň geçirilmegi, tejribe alşylmagy, ylymda soňky gazanylýan netijeler bilen tanşylmagy babatda alnyp barylýan işler hem ylym-bilim pudagynyň beýik ösüşlerinden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň

Yhlas myrada ýetirýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlarboýy dowam edip gelýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy — dost-doganlyk sazy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly gymmatly eserleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň biri hem Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň skripka mugallymy Ysmaýyl Döwletgeldiýewdir.

Ökdeler öňe saýlandy

Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, mugallymlaryň okatmagyň döwrebap usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan baş alyp çykmak başarnyklaryna, görkezme esbaplaryndan, usuly gollanmalardan peýdalanyşlaryna, soraglara dogry jogap berişlerine, sözleýiş medeniýetine baha berildi. Bäsleşigiň maksady Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribesini toplan öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmakdan, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmakdan ybaratdyr.

Wagt nämäni aňladýar

Adamzat gije-gündiziň gezekleşmegi, ýyldyzlaryň Aý-Günüň dogup- -ýaşmagy, pasyllaryň üýtgemegi ýaly hadysalar bilen gyzyklanyp gelipdir. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda gije-gündiziň, aýyň we ýylyň özara sazlaşygyny, kanunalaýyklygyny tapmak üçin dürli halklaryň arasynda dürli görnüşdäki senenamalary (kalendarlary) döredipdirler. Kalendar sözi asyl manysy latynça “karz ýa-da bergi kitaby” diýmekligi aňladypdyr. Ýagny, gadymy rimliler her aýyň üç gününi aýratyn at bilen belläpdirler, şeýlelikde her aýyň 1-ini kalend, her aýyň 5-ini (käbirlerinde 7-ini) non, her aýyň 13-ini (ýa-da 15-ini) id diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň bergidarlary bergisini her aýyň birinji güni — kalend güni bermeli edilipdir. Şeýle bolansoň, şu ýerden “kalendar” sözi gelip çykypdyr. Kalendar hasaplamalarynyň taryhda üç görnüşi — Aý kalendary, Aý-Gün we Gün kalendarlary bellidir. Ýyl hasaplamalary gadym döwürlerde dürli usullar bilen amala aşyrylypdyr. Olaryň biri Tropik ýyl hasabydyr, ol 365 gün, 5 sagat, 48 minut, 46 sekunda deňdir. Mundan başga-da, Kalendar ýyl hasaby Tropik ýyla golaýdyr we her 4 ýylda bir gün goşulyp, “Wisokos” ýyly diýlip atlandyrylýar.

Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr

Ähli ösüşleriň özeninde ylym-bilimiň durýandygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň pajarlap ösmegine, bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine giň ýol açdy. Muny hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen Karardyr Permanlar hem aýdyň subut edýär. Şonuň esasynda täze özgertmeler bilen gülläp ösýän milli bilim ulgamymyzda gazanylýan üstünlikler diýseň guwandyrýar. Ilki bilen milli bilim ulgamymyzyň maddy-enjamlaýyn, usulyýet binýadynyň düýpli kämilleşdirilýändigini, bu ulgama innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny, sanly bilimi ösdürmek boýunça düýpli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemelidiris. Bu ugurda “Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” bellemek bolar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: “Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy. Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar” diýip bellemegi hem ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşleri aýdyňlaşdyrýar.

Sport — dost-doganlygyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda geçirilýän sport çäreleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň sagdynlygynyň, nesilleriň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşiniň aýrylmaz düzümine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda, ýaşlary zähmetsöýer, päk ahlakly, watansöýüji nesiller edip terbiýelemekde bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetiniň örän uludygyny hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan belläp geçýär. Munuň özi bagtyýarlyga, eşretli durmuşa, sagdynlyga we dostluga aýdyň ýoldur. Bedenterbiýe we sport ynsan saglygyny berkitmekde iň bir ygtybarly hem-de hemmelere elýeterli serişdedir. Sport ynsan saglygyny berkitmek bilen bir hatarda onuň şähdini açýar, ýaşaýşa bolan hyjuwyny, zähmete ukybyny artdyrýar. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn häsiýetde durmuşa geçirilýär. Bu ugurda hemmetaraplaýyn we ylmy esasda amala aşyrylýan işler halkymyzyň saglygyny, ruhy we beden taýdan kämilligini nazarlaýar.

Çagalara wagt barada düşünje bermek

Ýurdumyzda ýaş nesle kämil bilim bermek, olaryň ýokary aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup kemala gelmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bimöçber aladalar edýär. Bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan işler mugallymlary hem netijeli iş usullaryndan peýdalanyp döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Şunlukda, biz — mugallymlar geçýän her bir sapagymyzyň has-da täsirli bolmagyny gazanmakda häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanýarys. Men hem 1-nji synpyň okuwçylary bilen matematika dersinden «Wagt birligi. Sagat» diýen temadan guran görelde sapagymy kärdeşlerim bilen paýlaşmagy makul bildim. Sapagymyň maksady okuwçylara wagt birligi, şeýle-de sagat barada giňişleýin düşünje bermekden, olarda bilime, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza söýgi döretmekden ybarat bolup durýar. Bulary okuwçylara düşündirenimde, sapagyň has-da täsirli bolmagyny gazanmakda interaktiw tagtadan, görkezme esbaplardan, sagatdan we oýunlardan peýdalandym. Sapagyň terbiýeçilik pursadynda çagalar bilen aý-günüň hasaby barada sowal-jogap alyşdym. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapdan “Wagtda jylaw bolmaz” nakylyny okuwçylara okap berdim we onuň manysyny düşündirdim.

Kämilligiň berk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlara berilýän edep-terbiýe, ylym-bilim ene süýdi ýaly arassadyr, durmuş ýaly kämildir. Bu günki günde ylym-bilim öwrenmäge, kämil hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň ösen tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi bolsa okuw işlerini döwrebap guramaga, kompýuter enjamlaryny oňat bilýän hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bilimi mundan beýläk hem has-da kämilleşdirmek, yzygider ösdürmek we ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Munuň üçin bilim ulgamynda yzygider işler alnyp barlyp, ýurdumyzyň bu pudagynda örän uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygy bellärliklidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, obalarda, etrap merkezlerinde, şäherlerde iň döwrebap çagalar baglary we orta mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Esasan hem ýurdumyzyň orta mekdepleriniň täze enjamlar bilen üpjün edilýändigini aýtmalydyrys.

Taryh sapagynda gazet-žurnallaryň ähmiýetini düşündirmek

Häzirki döwürde bilim, ylym, maglumat, sanlar, ulgamlaýyn habar beriş serişdeleri her bir ýurduň ösüşine tizlik berýän möhüm serişdä öwrüldi. Bular dogrusynda Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça okadýan 11-nji synplar bilen guraýan sapaklarymda geçilýän temalar boýunça seredilýän meselelere okuwçylaryň öz şahsy garaýyşlaryny kemala getirmäge çalyşýaryn. Okadýan ýokary synplarymda «Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen halk köpçüligini tanyşdyrmakda gazet-žurnallaryň ähmiýeti» atly tema aýratyn üns berdim, sebäbi häzirki döwrüň derwaýys wakalaryna ýaş nesliň ünsüni çekmek, düşündirmek esasy wezipe bolup durýar. Synpyň okuwçylarynyň sanly ykdysadyýet bilen bagly öý işlerini sorap, geçilen tema boýunça sowal-jogap alyşdym. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminama dolanyşygyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, munuň bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly maksatlary öz içine alýar. Sanly ulgamy halka hödürlemegiň esasy usuly internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmakdyr. Sanly tehnologiýalary ulanmak örän amatly bolýar. Bular dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Bu tema boýunça okuwçylaryň öşbaşdak işlerine — taýýarlan preze

Täsirli edebi agşam

Mekdebimizde “Dünýäniň görki — mähriban ene” atly edebi agşam geçirildi. Oňa mekdebiň ýokary synplarynda okaýan gyzlar we mekdebiň zenan mugallymlary gatnaşdylar. Zenan edebi onuň el hünärindedigi we terbiýesindedigi barada bu ýerdäki edilen çykyşlarda bellenildi. Eneleriň waspyny ýetirýän goşgular okaldy. Okuwçy gyzlaryň hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserlerinden edep-terbiýe we ene hakyndaky rowaýatlar we tymsallar esasynda taýýarlan sahna çykyşlaryna tomaşa edildi. Eneler hakyndaky aýdymlary bolsa okuwçy gyzlar tüýs ýürekden ýerine ýetirdiler. Edebi agşam oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Hünär ussatlarynyň bäsleşigi

Mary welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş meýilnamasyna laýyklykda “Iň gowy topar otagy”, “Iň gowy çagalar bagy”, “Iň göreldeli usulçy-terbiýeçi”, “Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy” atly bäsleşik geçirdi. Ýurdumyzyň bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda tapawutlanyp işleýän, hünärine ussat, iň göreldeli bilim-terbiýeçilik işgärlerini we çagalar baglaryny ýüze çykarmak, olaryň iş tejribelerini ýaýratmak bäsleşigiň baş maksady boldy. Ýeňijileri yglan etmek üçin her ugur boýunça mekdebe çenli çagalar edaralaryna barlyp, iş pursatlaryna ýakyndan gözegçilik edildi. Çagalar bilen iş alyp barmagyň we işgärler düzümi bilen agzybirlikde zähmet çekmegiň usullary öwrenildi. Netijede, eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi.

Üstünligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň her bir güni altyn harplar bilen ýazylan ýeňişlere beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ösüşler, özgerişler halkymyzyň ýüreginde buýsanç duýgularyny oýarýar. Türkmeniň taryhyna göz aýlanyňda, halkymyzyň ylma, bilime uly hormat goýandygyny görmek bolýar. Eline kitap alan her bir adamyň sarpasy belent tutulypdyr. Has zehinli, ylym-bilim dünýäsiniň kämillik basgançaklarynyň belentliklerine galan alymlara bolsa keramatly, halatly adamlar hökmünde seredilipdir. Olaryň ýakan bilim çyragy ynsanlara durmuşda nur saçypdyr. Ýaşyl ýapraklaryň Güne tarap ýüzüni öwrüşi ýaly, adamzat hem öz aňyny bilim çyragyna tarap öwürýändir, sebäbi ylym, bilim ähli ýollara ýagty saçýan çyragdyr.

Kitap — ylym-bilimiň gözbaşy

Durnukly ösüşi nazarlap, beýik ynam bilen nurana geljegini döredýän eziz Diýarymyzda edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň örän uly orny bardyr. Çünki, ynsan ýaşaýşy, ösüşi we kämilleşmegi üçin esasy gymmatlyklaryň biri ençeme akyly, pähim-parasaty özünde jemleýän kitapdyr. Kitap egsilmez hazyna, bu durmuşyň lezzetini, hezzetini duýmak, peýdalanmak üçin uly gollanmadyr. Onuň sahypalarynda ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri bilen baglanyşykly ähli soraglara jogap tapyp bolýar. Kitaphana ylmyň we medeniýetiň ojagydyr. Gadymy Merwdäki, Köneürgençdäki kitaphanalara gelen Gündogar alymlary haýran galmak bilen öz ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, milli medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny, ylmyny köpöwüşginli dil baýlygyny öwrenmekde, olaryň çuňňur many-mazmunyny dünýä ýaýmakda köp işler durmuşa geçirilýär. Merdana halkymyz hemişe kitabyň muşdagy bolup, ony akyl we edep mekdebi hasaplap gelipdir. Kitaby özüniň iň ýakyn dosty we maslahatçysy hasaplapdyr. Halkymyzyň taryhynyň beýany bolan «Oguznama», «Gorkut ata» we «Görogly» ýaly gadymy eserleriň şu günlerimize gelip ýetmegi, olaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň ruhy gymmatlyklary hökmünde aýawly saklanylýandygy muňa aýdyň mysaldyr. Dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenler hemişe kitaba,

Dil öwretmegiň möhüm ugurlary

Eziz Watanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ösüşli ýollary ýaran edinip ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Bilimli nesil — kuwwatly Watan” atly ýörelge astynda bilim ulgamynda amala aşyrýan taryhy özgertmeleri, pudagyň öňünde goýýan wezipeleri biz mugallymlary has-da döredijilikli zähmet çekmäge borçlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda dil bilimini ösdürmekde, dilleri çuňlaşdyryp öwrenmekde gazanylan ýene-de bir ösüş boldy. Talyp ýaşlara dil öwretmekde sanly bilim ulgamynyň, şeýle hem döwrebap tehnologiýalaryň uly ähmiýeti bardyr. Mugallym hemişe gözlegde bolmaly bolýar. Sebäbi şahsyýet hökmünde her bir talybyň öz başarnygy we ukyby bolýar. Şoňa görä hem olaryň maglumatlary kabul ediş derejeleri dürli-dürlüdir. Dil öwredilende olaryň her biriniň ukyp-başarnygyny göz öňünde tutmaly we şol derejelere laýyk ýumuş tabşyrmaly. Dil öwredilende ilki seslerden we harplardan, soň sözlerden we sözlemlerden başlanýar. Dili öwretmegiň dürli tärleri we ýollary bar. Geliň, şolaryň birnäçesini belläp geçeliň. Dil öwretmegiň esasy ugurlarynyň biri hem ýazgyly we dürli şekildäki bezelen suratlar bilen düşündirmekdir. Şeýle edilende köp talyplar düşündirilýän zady görüp gowy kabul edýärler we özleşdirýärler. Dürli öwüşginler bilen bezele

Rowaç menzilleriň gözbaşy

Döwlet syýasatynda halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny baş maksada, ynsanperwerligi, ynanyşmagy, adalatlylygy esasy ýörelgä öwren hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegi elmydama üns merkezinde saklaýar. Sebäbi, mähriban Arkadagymyzyň aýratyn nygtaýşy ýaly, bilim täzelenişiň, döredijiligiň çeşmesidir. Şonuň üçin hem ylymdyr bilimi Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gazanýan köptaraply ösüşleriniň gözbaşynda goýýan Gahryman Prezidentimiziň aladalary arkaly ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesillerimiziň halkara ülňülerine laýyk bilim, milli ruhumyza laýyk terbiýe almaklary, hünär edinmekleri üçin zerur şert-mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar nesilleriň tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagy, döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmegi nazarlaýan şeýle giň gerimli aladalaryň oňyn netijelerini bolsa biz — bilim işgärleri gündelik işimizde ähli aýdyňlygy bilen görýäris. Ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek türkmen halkynyň gadymdan gelýän mizemez durmuş ýörelgeleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň bu durmuş ýörelgeleri diňe bir mynasyp dowam etdirilmek bilen çäklenilmän, eýsem, mazmun taýdan has-da baýlaşdyryldy. Bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler buýsandyryjydyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kä

Terjimeçilikdäki terje pyntyklar

A SMALL THING COSTS MUCH One day, while walking down the road, a father said to his son, «Look, horseshoe is lying in the mud. Pick it up».

Jahanyň meşhur uniwersitetleri

Abraýly bilim ojagy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň täsin binasy 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Ýokary okuw mekdebinde talyplar 14 hünär boýunça bilim alýar. Bu ýerde okuwlar tölegli esasda bolup, geçilýän dersleriň ählisi iňlis dilinde alnyp barylýar. Ýokary bilim mekdebiniň çäginde döwrebap baş okuw binasy, 800 talyp üçin 3 sany umumyýaşaýyş jaýy, naharhana, sport toplumy, woleýbol, basketbol, tennis we beýlekiler üçin niýetlenen açyk meýdançalar ýerleşýär. Bu ýerde talyplar bakalawr we magistratura derejeleri boýunça bilim alýar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny amala aşyrýar. Mekdebiň binasynda döwrebap tehnologiýalar we multimedia enjamlary bilen üpjün edilen okuw, lingafon otaglar, žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplar üçin niýetlenen ýazgy studiýasy, mejlisler zaly, muzeý, mugallymlar otaglary bar.

Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň täze bilim syýasatynyň öňde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň amala aşyrýan ylym we tehnika babatdaky döwlet syýasatymyz täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmaga, öz ylmy-tehniki ideýalarymyzy ösdürmäge, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, berk binýatly, häzirki zaman ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilmelidir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze maglumat tehnologiýalaryny ulanmak zerurdyr. Sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, dürli ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem, ylymly-bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar

“Dogdy asmanyň zöhresi...”

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna talyp gözelleriň 21-si gatnaşdy. Olar, düzgünnama laýyklykda, birinji şert boýunça 2021-nji ýylyň şygaryny, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, döwletli başlangyçlaryny aýdymdyr goşgynyň, sahna eserleriniň üsti bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar milli Liderimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda beýan edilýän türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde özara bäsleşdiler.

Ene eli — em, dili — melhem

Çagany ýaşlykdan edep-terbiýeli edip ýetişdirmekde iň mähriban ynsanlar hasaplanýan eneleriň alyp barýan işlerini bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bilen deňeşdirmek bolar. Eziz eneleriň görüm-göreldesi çagalar üçin nusgalyk mekdepdir. Olar öz perzentlerini durmuşyň gül-gunçalary hasap edýärler. Ine, şol ezizleri ata-eneleriň ýaşaýşynyň bezegine öwürmek möhüm işdir. Munuň üçin terbiýeçilik işleriniň täsirliligi zerur. Şeýle etmek üçin bolsa, ata-eneleriň mugallymlar bilen ysnyşykly işlemegi, çagalara iki tarapdan edilýän terbiýeçilik täsiriniň bir maksada — olary asylly sypatlarda terbiýelemäge gönükdirilmegi möhümdir. Ata-eneler bilen söhbetdeşligi ýörite synp sagatlarynda geçirmek bolar. Munuň üçin synp sagatlarynyň geçirilişine üns bereliň! Ýagny, mugallym enelere bagyşlap Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän synp sagadynyň maksadynda çagalarda enä bolan söýgini ösdürmegi, olaryň il-gün üçin, Watan üçin bitiren hyzmatlaryny okuwçylaryň aňyna ýetirmegi göz öňünde tutmalydyr.