"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ýyl­lar üs­tün­lik­li gel­ýär

Ýe­ne-de san­ly­ja gün­den «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­ ta­mam­lanyp, tä­ze ýy­la ga­dam ba­sa­rys. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da äh­li ugur­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bi­len ta­mam­lan­ýan ýylda sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, ne­bit­gaz, ulag-ara­gat­na­şyk we beý­le­ki äh­li ugur­lar­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­le­riň ha­ta­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly»; «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy»; «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry»; «Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýad­ro ýa­ra­gyn­dan azat zo­lak ha­kyn­da­ky Şert­na­ma» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Halk­la­ryň ara­syn­da dost­lu­gyň, hyz­mat­daş­ly­gyň, raý­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de pa­ra­hat­çy­ly­gy gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len bu Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýet­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler hem hal­ky­my­zyň bo­le­lin dur­mu­şy­nyň ke­pi­li­dir. Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýur­du­my­zyň esa­sy mak­ro­yk­dy­sa­dy g

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň işi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, oňa dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Ýan­gyç gor­la­ry­na baý ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek, te­bi­gy ga­zy dün­ýä ba­zar­la­ry­na di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek, ne­bit­gaz se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­läp, dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň we beý­le­ki hal­ka­ra fo­rum­la­ryň mej­lis­le­rin­de de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ga­raý­şy­ny en­çe­me ge­zek be­ýan et­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň do­ly gol­da­wy­na eýe bol­dy we olar 2008-nji hem-de 2013-nji ýyl­lar­da ka­bul edi­len «Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi hem-de dur­nuk­ly ösü­şi we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek­de onuň hyz­ma­ty» at­ly BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len ber­ki­dil­di.

Emeli adada aeroport gurulýar

Hy­taý­da eme­li ada­nyň üs­tün­de ho­wa men­zi­li gu­rul­ýar. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy­nyň 4 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak­dy­gy mä­lim edil­di. 2035-nji ýyl­da ulan­ma­ga be­ril­jek Dal­ýan Szinç­žou­wan at­ly hal­ka­ra ae­ro­por­tyň Gon­kon­gyň hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň Kan­saý hal­ka­ra ae­ro­port­la­ryn­dan uly bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Dal­ýan şä­he­rin­de gu­rul­ýan 20 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän bu ho­wa men­zi­li şä­he­riň ozal­ky hal­ka­ra ae­ro­por­ty­nyň or­nu­ny tu­tar. Ae­ro­port­da je­mi dört uçuş-go­nuş zo­la­gy hem-de umu­my meý­da­ny 900 müň ine­dör­dül met­re ýet­ýän ter­mi­nal­lar bo­lar. Ba­har ATA­ÝE­WA,

Has köp syýahatça garaşýar

Baý ta­ry­hy we te­bi­gy baý­lyk­la­ry bo­lan Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy soň­ky ýyl­lar­da has köp sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­mek üçin dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­di. Ýurt dün­ýä­niň bir­nä­çe döw­le­ti­niň ra­ýat­la­ry üçin wi­za­syz sy­ýa­ha­ty ýo­la goý­dy. In­di bol­sa Hy­taý da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň üs­ta­şyr wi­za­la­ry­nyň möh­le­ti­ni 3 gün­den 10 gü­ne çy­kar­dy. Şeý­le­lik­de, sy­ýa­hat­çy­lar bu ýur­duň 24 şä­he­rin­de ge­ze­lenç edip bi­ler­ler. Pan­de­mi­ýa­nyň yz­da gal­ma­gy bi­len Hy­taý has köp sy­ýa­hat­çy­ny çek­me­gi mak­sat edin­ýär. Hy­ta­ýyň Mil­li mig­ra­si­ýa eda­ra­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de ýur­da ba­ran­la­ryň sa­ny 2014-nji ýyl­da­ky­dan bä­ri iň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­tip­dir. Ak­mäm­met An­na­mu­ham­me­dow,

Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri

«The Econo­mist» žur­na­ly dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ýurt­la­ry­nyň bäş­li­gi­ni taý­ýar­la­dy. Sa­naw taý­ýar­la­nan­da, je­mi içer­ki önüm, bir­ža söw­da­la­ry, hüm­met­siz­len­me we beý­le­ki gör­ke­zi­ji­le­re ga­ral­dy. Sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­ny Is­pa­ni­ýa eýe­le­ýär. Mag­lu­ma­ta gö­rä, hä­zir­ki wagt­da ýurt­da 2019-njy ýyl­da­ky­dan 1,8 mil­li­on has köp iş or­ny bar. Şu ýyl ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 3 gö­te­rim­den geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ýur­da bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 90 mil­li­on­dan geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ikin­ji orun­da Ir­lan­di­ýa, üçün­ji ýer­de Da­ni­ýa bar. Gre­si­ýa, Ita­li­ýa, Ko­lum­bi­ýa, Lit­wa, Şweý­sa­ri­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy de­giş­li­lik­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­läp­dir. Ta­wus AGA­JA­NO­WA,

Ilkinji gezek gäminiň daşyna çykdylar

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hy­taý ge­çen ýyl Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­syn­da öz­baş­dak kos­mos stan­si­ýa­ny gu­rup, ula­ny­şa gi­ri­zip­di. Şu ýy­lyň 30-njy okt­ýab­ryn­da «Shenz­hou-19» kos­mos gä­mi­si bi­len be­ke­de ba­ran hy­taý­ly kos­mo­nawt­lar il­kin­ji ge­zek gä­mi­niň da­şy­na çyk­dy­lar. Gä­mi­niň ýa-da be­ke­diň da­şy­na çyk­mak kos­mo­nawt­lar üçin iň çyl­şy­rym­ly işleriň bi­ri ha­sap­la­nyp, «kos­mos ýö­ri­şi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Hy­taý­ly kos­mo­nawt­la­ryň «kos­mos ýö­ri­şi» 9 sa­gat do­wam et­di. Hy­ta­ýyň Adam­ly kos­mos in­že­ner­çi­li­gi eda­ra­sy (CMSA) Saý Sýuýç­že, Sun Lin­dun we Wan Ha­os­ze be­ket­dä­ki ro­bot go­luň kö­me­gi hem-de ýer­dä­ki kär­deş­le­ri­niň gol­da­wy bi­len bir­nä­çe çyl­şy­rym­ly işi ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Id­ris HA­JY­ÝEW,

Täze ada peýda boldy

Ita­li­ýa­nyň We­ne­si­ýa şä­he­ri için­den geç­ýän ka­nal­lar ar­ka­ly her ýyl­da ýüz müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Ta­ry­hy şä­he­riň go­la­ýyn­da tä­ze bir ada peý­da bol­dy. As­lyn­da bu ada her ýy­lyň to­mus aý­la­ryn­da peý­da bo­lup, soň­ra gaý­ta­dan ýit­ýär­di. 2020-nji ýyl­da aý­la­gy güýç­li tol­kun­lar­dan go­ra­mak üçin ben­diň gu­rul­ma­gy bi­len ada­jyk ýit­me­giň de­re­gi­ne ýu­waş-ýu­waş­dan ula­lyp, he­mi­şe­lik ada öw­rül­di. Bu bol­sa ýer­li ýa­şaý­jy­lar we myh­man­lar üçin de­ňiz ke­na­ryn­da ge­ze­lenç et­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Uzyn­ly­gy 250 metr, ini 10 metr tö­we­re­gi bo­lan ada­da eý­ýäm kä­bir ösüm­lik gö­ge­rip baş­lap­dyr. Bi­ler­men­ler bol­sa bu ösüm­lik­le­riň top­ra­gy ero­zi­ýa­dan go­rap, ada­ny ber­kid­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ogul­ja­han ÇER­KE­ZO­WA,

Täze çip bahasyny gymmatlatdy

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Go­og­le» tä­ze çi­pi­ni ta­nyş­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa bu çi­piň ha­sap­la­ýyş tiz­li­gi­niň kwant usu­ly­na ýa­kyn­la­şyp bil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şon­dan soň­ra bren­de eýe­çi­lik ed­ýän «Alp­ha­bet»-iň paý­na­ma­la­ry 6 gö­te­ri­me go­laý gym­mat­la­dy. «Go­og­le Quan­tum AI» kompaniýasynyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Hart­mut Ne­wen «Wil­low» at­ly bu çip ar­ka­ly öň­de­ba­ry­jy su­per komp­ýu­ter­le­riň 10 sep­til­li­on ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­jek iş­le­ri­ni san­ly­ja mi­nu­tyň do­wa­myn­da ta­mam­lap bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Me­ret­gül MÄM­MET­GEL­DI­ÝE­WA,

Elektroulag satuwynda täze rekord

Dün­ýä­de elekt­rou­lag sa­tu­wyn­da tä­ze re­kord ha­sa­ba alyn­dy. No­ýabr aýyn­da je­mi 1,83 mil­li­on elekt­rou­lag sa­ty­lyp, bu ugur­da yz­ly-yzy­na üçün­ji aý­da has köp sa­tuw ama­la aşy­ryl­dy. Ang­li­ýa­nyň «Rho Mo­ti­on» şe­re­ke­ti­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen aý elekt­rou­lag sa­tu­wy ozal­ky aý­dan 100 müň­den köp ýa-da 6 gö­te­rim ar­tyk bol­dy. Glo­bal sa­tu­wyň 1,3 mil­lio­ny Hy­taý­da ha­sa­ba alyn­dy. Ýan­war-no­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da bol­sa dün­ýä­de je­mi 15,2 mil­li­on elekt­rou­lag sa­ty­lyp­dyr. De­giş­li dö­wür­de elekt­rou­lag sa­tu­wy 25 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji­niň 9,7 mil­lio­ny Hy­taý­da ha­sa­ba al­nyp­dyr. Tir­kiş­my­rat NUR­ÝAG­DY­ÝEW,

Emeli hemra toruny döreder

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 290 eme­li hem­ra­dan yba­rat tor dö­re­der. Bi­ri-bir­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan en­jam­la­ryň ge­çi­ri­ji­lik güý­ji 1000 eme­li hem­ra­nyň­ka ba­ra­bar bo­lar. Eme­li hem­ra­lar te­le­ýaý­lym, in­ter­net, ho­wa­nyň ýag­da­ýy we beý­le­ki ara­gat­na­şyk mak­sat­la­ry üçin peý­da­la­ny­lar. Umu­my ba­ha­sy 10 mil­liard ýew­ro bol­jak iri tas­la­ma «Air­bus», «Deutsche Te­le­kom», «Tha­les Ale­nia Space» we «Te­les­pa­zio» ýa­ly Ýew­ro­pa­nyň kos­mos se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan iň uly kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da Ilon Mas­kyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Star­link» at­ly mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýüz­ler­çe ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra kos­mo­sa uçu­ryl­dy.

Ýolagçy sany 4 milliarddan geçer

Şweý­sa­ri­ýa­nyň «M1nd-set» agent­li­gi dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy ba­ra­da tä­ze mag­lu­mat taý­ýar­la­dy. Mag­lu­ma­ta gö­rä, gel­jek ýyl dün­ýä­de uçar ar­ka­ly sy­ýa­hat ed­ýän ýo­lag­çy­la­ryň sa­ny 4,22 mil­li­ar­da ýe­ter. Bu gör­ke­zi­ji 2024-nji ýyl­da­ky­dan 8,3 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lar. Ýew­ro­pa ýurtlary 2 mil­liard ýo­lag­çy bi­len uçar gat­na­wyn­da bi­rin­ji bol­ma­gyn­da ga­lar. Şeý­le-de bol­sa, se­bi­tiň ýo­lag­çy­la­ry­nyň glo­bal ýo­lag­çy­la­ryň ara­syn­da­ky pa­ýy aza­lar. Ne­ti­je­de, dün­ýä­de hal­ka­ra gat­naw­dan peý­da­la­nýan ýew­ro­pa­ly­la­ryň sa­ny umu­my ýo­lag­çy­la­ryň 46,9 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rer. Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny­nyň glo­bal gat­naw­da­ky pa­ýy ar­typ, 25,5 gö­te­ri­me ýe­ter. Bi­ler­men­ler se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hal­ka­ra sy­ýa­ha­ta has köp git­me­gin­de yk­dy­sa­dy ösü­şiň tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ogul­şat HA­ŞY­RO­WA,

Dünýäniň iň gymmat brendleri

«Visual Capi­ta­list» kom­pa­ni­ýa­sy 2024-nji ýy­lyň iň güýç­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny mä­lim et­di. Bu brend­ler di­ňe öz iş alyp bar­ýan pu­da­gyn­da däl, şol bir wag­tyň özün­de dün­ýä ba­za­ryn­da­ky beý­le­ki brend­le­re hem tä­sir ed­ýär. Sa­naw­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň öň­de­li­gi eýe­le­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Bi­rin­ji ýeri «App­le» eýe­le­ýär. Ba­zar ba­ha­sy 3,099 tril­li­on dollar bo­lan kom­pa­ni­ýa teh­no­lo­gik ekoul­ga­my bi­len san­ly hyz­mat­lar pu­da­gy­na uly tä­sir ed­ýär. Ikin­ji we üçün­ji ýe­ri «Micro­soft» hem-de «Go­og­le» eýe­le­ýär. Bö­lek söw­da pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan «Ama­zon» dör­dün­ji, smart­fon ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan «Sam­sung» bä­şin­ji ýe­ri eýe­le­ýär. «Wal­mart», «Tik­Tok/Douyin», «Facebook», «Deutsche Te­le­kom» we ICBC il­kin­ji on­lu­gy jem­le­ýär. Eziz NUR­MY­RA­DOW,

Halkara birleşigiň agzasy boldy

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Al­ma­ty şä­he­ri­niň Ga­zak sport we sy­ýa­hat­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň çöz­gü­di bi­len Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ab­raý­ly hal­ka­ra bir­le­şi­giň ag­za­ly­gy­na res­mi taý­dan ka­bul edil­di. De­giş­li şa­ha­dat­na­ma Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­sy K.Za­kir­ýa­now ta­ra­pyn­dan Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­na we­kil­çi­lik ed­ýän Ta­lyp­lar sport klu­bu­nyň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ta­lyp­lar sport fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş kä­ti­bi S.Gur­do­wa da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Türk­men-eý­ran me­de­ni dost­lu­gy

Ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň ça­ga­la­ry­nyň dost­luk hep­de­li­gi ge­çi­ril­di. Türk­men we eý­ran halk­la­ry­nyň dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry öz göz­ba­şy­ny ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Şol gat­na­şyk­lar bu gün­ki gün iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bo­lup, şun­da Türk­me­nis­tan­da we Eý­ran­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän me­de­ni çä­re­le­riň hem uly or­ny bar. Di­ýa­ry­myz­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän türk­men we eý­ran ça­ga­la­ry­nyň dost­luk hep­de­li­gi ola­ryň üs­tü­ni ýe­tir­di. Bu çä­rä­niň çäk­le­rin­de Türk­men döw­let gur­jak te­at­ry­nyň Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­ta­byn­da­ky ro­wa­ýat­lar esa­syn­da sah­na­laş­dy­ran «Ba­ky ro­wa­ýat­lar» at­ly spek­tak­ly gör­ke­zil­di. Bu dost­luk hep­de­li­gi türk­men-eý­ran me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn öwüş­gin ber­ýär. Türk­men-eý­ran me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de pars ede­bi­ýa­ty­nyň we­kil­le­ri­niň dö­re­di­ji­li­gi öw­re­nil­ýär. Iki ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, bu ugur­da iş alyp bar­ýan hü­när­men­le­ri­mi­ziň tej­ri­be alyş­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, dür­li çä­re­ler gu­ral­ýar. Ça­ga­la­ryň dost­luk hep­de­li­gi­ne ba­gyş­la­nan çä­re­ler top­lu­my sun­ga­ta hö­we­sek ça­ga­la­ryň öz ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­mek­le­rin­de äh­

Bazarlarda baýramçylyk harytlarynyň bolçulygy

Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy go­laý­laş­dy­gy­ça ak ba­zar­la­ryň we söw­da no­kat­la­ry­nyň ge­lim-gi­di­mi ar­typ, söw­da­ bar­ha gy­zyş­ýar. Şu gün­ler paý­tag­ty­my­zyň, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň çä­gin­dä­ki ba­zar­la­ra we söw­da no­kat­la­ry­na ba­ra­nyň­da hem mu­ňa göz ýe­tir­mek bol­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ba­zar­la­ryn­da we söw­da mer­kez­le­rin­de hal­ky­my­za edil­ýän söw­da hyz­mat­la­ry­nyň de­re­je­si göw­nü­ňi gö­ter­ýär. Bu ba­zar­lar­da alyjylara eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­ler hö­dür­len­ýär. Ola­ryň ara­syn­da azyk önüm­le­ri­niň örän köp gör­nüş­le­ri, Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry we ola­ra ni­ýet­le­nen zer­ler, çy­ra­jyk­lar, beý­le­ki ha­ryt­lar bar. El­ýe­ter­li nyrh­dan hö­dür­len­ýän şol önüm­ler­dir ha­ryt­la­ra is­le­giň örän ýo­ka­ry bol­ma­gy ola­ryň hi­li­niň go­wu­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gök-bak­ja önüm­le­ri, ir-iý­miş­ler, et­dir süýt önüm­le­ri, dat­ly şer­bet­ler, ga­raz, baý­ram­çy­lyk sa­ça­gy üçin äh­li zat­ ba­za­ryň de­giş­li bö­lüm­le­ri­ni be­ze­ýär.

Te­bi­gat we eko­lo­gi­ýa

Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni pe­selt­mek mak­sa­dy­na gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we te­bi­gy baý­lyk­lar­dan tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak, zy­ňyn­dy gaz­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­mak ýa­ly iş­ler döw­let de­re­je­sin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Du­baý­da ge­çi­ri­len BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň 28-nji mas­la­ha­tyn­da (COP28) döw­le­ti­miz Glo­bal me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­ýan­dy­gy­ny res­mi taý­dan yg­lan et­di. Şeý­le­lik­de, ata Wa­ta­ny­myz­da 2030-njy ýyl­da ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­nyň de­re­je­si­ni azalt­mak me­ýil­leş­di­ril­di.

«Akyl­ly» şä­her­ler – gel­je­giň şä­he­ri

18-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de «Akyl­ly» şä­her: do­lan­dyr­mak, san­ly, «akyl­ly» we eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, howp­suz­ly­gy, yk­dy­sa­dy­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len fo­ru­ma ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň alym­la­ry, Awst­ri­ýa­dan, Bang­la­deş­den, Be­la­rus­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gru­zi­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Hy­taý­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, Pa­kis­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan, Uk­rai­na­dan, Fi­lip­pin­ler­den, Şri-Lan­ka­dan, Efio­pi­ýa­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan hü­när­men­ler, öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Ykdysady ösüşler – abadançylygyň kepili

Ber­ka­rar döwletiň täze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan di­wer­si­fi­ka­si­ýa sy­ýa­sa­ty dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly şert­le­rin­de hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li ug­ry bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň çig mal ön­dür­ýän ýurt­dan in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän ýur­da öw­rül­me­gi­niň Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan al­nyp bar­lan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýän di­wer­si­fi­ka­si­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da müm­kin bo­lan­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. 6-njy de­kabr­da şu ýy­lyň on bir aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­ny hä­si­ýet­len­dir­ýän mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bo­lan je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,3 gö­te­ri­me deň bo­lan­dy­gy be­ýan edil­di. Dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de ga­za­ny­lan bu ne­ti­je­ler hä­zir­ki dö­wür­de ama­la aşy­ryl­ýan oý­la­ny­şyk­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mi­we­si­dir.

Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi

18-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Halkara gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.

Administratiw önümçilik hakynda kanunçylyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlap, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eziz Watanymyzda ýetilýän belent sepgitler we gazanylýan uly üstünlikler buýsandyrýar.  Milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen berkidilip, has-da döwrebaplaşdyrylmagy esasy ugurlaryň hataryndadyr. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna,  «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň durmuşa mäkäm ornaşmagyna gönükdirilendir. Hukugyň islendik pudaklarynda bolşy ýaly, administratiw hukugynyň hem öz predmeti bar. Ol bu pudagyň kadalary bilen düzgünleşdirilýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň jemidir. Administratiw hukugynyň häsiýetli aýratynlygy onuň jemgyýetde ýüze çykýan gatnaşyklaryň tutuş toplumyny düzgünleşdirmäge kesgitli bir derejede gatnaşýandygyndan ybarat. Administratiw hukugy,  şol bir wagtyň özünde, döwlet edaralarynyň hukuklaryny, ygtyýarlyklaryny kesgitlemek bilen birlikde, administratiw önümçiligiň gatnaşyjysy bolup durýan  her bir aýratyn şahsyň (fiziki we ýuridik şahslaryň), raýatyň hem hukugy bardyr. Administratiw hukugynyň kadalary öz tebigaty boýunça jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik ýaşaýşynda ýüze çykýan hadysalaryň we ýa