"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Janypkeş zenan

Halkymyz çagalara bilim, edep-terbiýe berýän adamlara belent sarpa goýýar. Perzendiň ýedi atasynyň biri hasaplanylýan mugallymlar tutuş jemgyýetiň öňünde uly hyzmatlary bitirýärler. Olaryň çekýän yhlasly zähmeti arkaly halkyň, ýurduň geljeginiň binýady tutulýar. Şol sebäpli bilim işgärleri özleriniň jogapkärli wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek, döwrebap nesilleri kemala getirmek işinde döredijilikli zähmet çekýärler. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ýaly il-ýurt bähbitli işe ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny sarp edýänler barada gürrüň gozgalanda, ilkinjileriň hatarynda Baýramgül Ýaýylowanyň adyny hem agzasymyz gelýär. — Bilim işgäri bolmak çagalyk arzuwymdy. Bu abraýly kesbe söýgini ilki ene-atam, soňra mekdep mugallymlarym döredipdi. Şol sebäpli orta mekdebi tamamlap, mugallym bolmak barada eden arzuwymy hasyl etmäge girişdim — diýip, ol geçen ýyllaryň wakalaryny hakydasynda janlandyrýar.

Sözüm saňa, Pyragy!

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy edebi pikiri çeper beýan etmegiň juda kämil tejribesini edebiýata getiren ajaýyp söz ussadydyr. Ol söze täze mazmun berip, oňa erk edip bilen beýik şahyrdyr. Munuň şeýledigini şahyryň uç-gyraksyz çeperçilik dünýäsi aýdyň tassyklaýar. Akyldar Pyragynyň dünýägaraýşynda ruhuň hem ylmyň aňyýet bitewüligi, dünýewi hem ylahy düşünjeleriň adamzadyň belent maksatlaryna gönükdirilmegi we ynsanyň ýaşaýşyna çuň many-mazmun berýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ulgamlaýyn häsiýeti şahyryň döredijilik güýjüniň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň halk-millet hökmünde öz-özüni ykrar etmegi bolup orta çykýar. Şahyryň döredijiliginde şahsyýetiň özüni adam hökmünde ykrar etmegi adamzat meselesi bilen utgaşýar. Dana şahyryň liriki gahrymany okyjyny Adam diýen beýik ada mynasyp bolup ýaşamaga çagyrýar. Ol her bir adamyň durmuşynyň jemgyýet bilen aýrylmaz arabaglanyşykdadygy üçin adamzadyň kämil ynsan gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Söz ussadynyň ýaşaýyş hem jemgyýet hakyndaky garaýyşlary umumadamzat derejesindäki ylmy-intellektual gymmatlyk hökmünde şahyry dünýä giňişligine çykarýar we ony akyldar mertebesine eýe edýär. Akyldar şahyr adamlaryň bähbidine ýugrulan beýik maksatlarynyň amala aşmagy üçin döwletiň gerekdigine düşünipdir we ýurt binasy — döwleti gurmagy wesýet edipdir:

Ata pendi

Öten agşam atam girip düýşüme,Diýdi: «Serpaý — ülüş paýy ýetdikden,Yhlas etgin, bil baglaýyp güýjüňe,Ynamym bar kesbi dowam etjegňe. «Döwrümiz — iň naýbaşysy döwürleň,Esas köpdür döretmäge, gurmaga.Goşgy ýazyp, taryp edip göwünleňÇemen bolup, güldanynda durmaga.

Ylham ýaýlasy

Näzli ýarym Syrly bakyp, mähre çoýýarGüne meňzeş Näzli ýarym.Aşygyn haýrana goýýarGüle meňzeş Näzli ýarym.

Bedew — hem syrdaş, hem ýoldaş

Türkmen halky asyrlardan aşyp gelýän ata-baba ýol-ýörelgelerini özüniň gymmatly mirasy hökmünde häzirki güne çenli aýap, olary arzylap gelýär. Halkymyzyň arasynda şeýle uly hormata mynasyp bolan gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmeniň ýürek buýsanjy, goşa ganaty, syrdaşy hem ýoldaşy bolan gamyşgulak ahalteke bedewleridir. Türkmeniň durmuşynda atçylyk ýöne bir miras bolmak bilen çäklenmän, ol tebigata, ýaşaýşa bolan söýgini ebedileşdiren nusgawy sungat bolup durýar. Taryh nireden, durmuşyň haýsy ýollaryndan başlanýan bolsa, şol ýerde, buýsanja mynasyp bolan, ata-babalarymyzyň bedewli geçen şöhratly menzilleri ýatandyr. Şahyrana halkymyzyň edebi mirasy bolan, halkyň ýürek duýgusyny özüniň setirlerine siňdirip, şöhratly ýollary geçip, şu günlerimize gelip ýeten halk döredijilik eserlerinde bedewiň waspy uludan ýetirilýär. Ahalteke bedewleriniň şöhraty türkmen medeniýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr. Çünki ahalteke bedewi halkymyzyň durmuşyndan, paýhasyndan we zehininden kemala gelen mirasydyr.

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANJY

-       Ynsan hemişe bagtly ýaşamaga ymtylýar. Bagtly bolmagyň syryny her kim özüçe açýar. Göwnünde beslän arzuwlaryna, öňünde goýan maksatlaryna ýeten adam bagtyýar bolýar. Meniňem hemişe bagt hakynda şygyr ýazasym gelýärdi. Megerem, ol şygry heniz sekiz ýaşlarymda çaga kalby ýaly ak kagyza ýazyp başlandyryn. Ýa-da ýaşlygymyň bahary bolan talyplyk ýyllarymda, ak şäheriň goýnunda ýazyp başladymmykam? Sag-aman ören ata mekanymyň ak säherinde işe barýan mahalym ýazdymmykam ol şygry? Belki, ömrümiň özi bagt hakyndaky şygyrdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýy bagt hakdaky şygyrlaryma sözbaşy, bagtyýar durmuşymyň gözbaşy boldy. Sözüň, edebiýatyň, şygryýetiň ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym meniň şygyrly göwnümi ganatlandyrdy, bagtyýar ömrümi zynatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň meniň çeken zähmetime şeýle ýokary baha bermegi meni has-da belent sepgitlere ruhlandyrdy.

Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň şäheri

Berkarar Watanymyz gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dörän ajaýyp şäher milli we döwrebap binagärlik däplerini özünde jemleýär. «Akylly» şäheriň halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarynyň, diplomlarynyň ençemesine mynasyp bolmagy onuň halkara ykrarnama eýe bolandygyny subut edýär. Şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergide  Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp bolmagy ajaýyp şähere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň güwäsidir.  «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär. Şunuň bile

Ösüşiň täze basgançaklaryna tarap

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli hem döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle maksatnamalaryň netijesinde Türkmenistanyň ösen gaýtadan işleýän senagatly döwlete öwrülendigi buýsandyryjy hakykatdyr. Ykdysady görkezijileriň barha ýokary galmagy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ýokarlanýar. Geljekde Watanymyzyň ykbaly ynanyljak ýaşlaryň bilimden ýüki ýetik, akylly, sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladalar miwesini berýär. Biziň ýokary okuw mekdebimizde nebitgaz ulgamynyň dürli ugurlary boýunça hünär öwrenýän talyp ýaşlar hem özleri barada edilýän aladalara oňat düşünip, oňa oňat okamak, dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünlik gazanmak bilen jogap berýärler.

Her kelamy altyna deň

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýyldaky iri wakalaryň hatarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma möhüm orun degişlidir. Foruma onlarça ýurtdan ýokary derejeli wekiliýetler, şol sanda döwlet Baştutanlarydyr halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň köp sanlysy gatnaşdy. Olaryň ençemesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Sylaglananlaryň arasynda alymlaryň hem bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Munuň özi akyldar şahyryň edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegine hem-de bütin dünýäde onuň şygyrlarynyň muşdaklarynyň has-da artmagyna itergi berýär. Talyplara bilim berenimizde, biz bular hakda giňden gürrüň edýäris. Şol bir wagtda, şahyryň öwüt-nesihat hem-de watançylyk mazmunly şygyrlaryndan mysallara ýüzlenýäris. Bu babatda şahyryň gözel tebigatymyz, ynsan häsiýetlerinden söz açýan şygyrlarynyň ähmiýeti has-da uludyr. Her bir sözi altyna deň şahyryň edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Şahyryň şygyrlary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Magtymguly atamyzyň goşgular ýygyndysynyň şygyrlarynyň sowgatlyk nusgasynyň çap edilmegi hem ählimizi buýsandyrdy. Şunda Türkmenistanyň halk ýaz

«Çeleken» känindäki üstünlikler

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler barha nusga alarlyk derejä göterilýär. Bu buýsançly hakykaty nebitgaz ulgamynyň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitindäki «Çeleken» baýlyklar mesgeninde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Bu kärhananyň türkmen Diýarynda nebit çykarmagyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Çünki türkmen topragynyň ýerasty genji-käni bolan «gara altyny» çykarmak we onuň goňşy ýurtlar bilen söwdasyny ýola goýmak hut şu bereketli künjekden başlanypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen 10 aýynda bu müdirlikde hereket edýän guýulardan çykarylan nebitiň möçberi 49 müň 223 tonnadan hem köp boldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 105,2 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Bu baýry hazynalar ojagynda gürrüňi edilýän döwürde guýulardan ugurdaş tebigy gaz almagyň meýilnamasyna 104 göterim amal edildi.

Beýik maksat tutunanlaryň özleri-de beýikdir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşy diňe şu ýylda amala aşyrylan we aşyrylýan işleriň jemleri hakynda bolman, eýsem, şol bir wagtda geljekde-de öňde duran işleriň maksatnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleri bolsa her bir türkmenistanly üçin özboluşly çagyryş bolup ýaňlandy. Biziň jemgyýetimizde halk bilen Prezident bir jan, bir tendir, aýrylmaz bitewülikdir. Halkymyz Garaşsyzlyga eýe bolan günümizden agzybirlik, jebislik ýoluny saýlap aldy we bu ýoluň dogrudygyny arka atylan otuz ýyldan gowrak wagt subut etdi. Bu geçen döwürde döwletimiz ähli ugurda uly ösüşleri gazandy. Bu ösüş-özgerişleriň gerimi şeýle bir uly welin, olary Garaşsyzlykdan öňki hem soňky döwri gören adam bolaýmasaň, göz öňüne getirmegem aňsat däl. Ýekeje mysal, türkmen halysyny daşary ýurtlaryň bazaryna çykaraýsaň, ýönekeý adamlar-a däl, hatda özüni bu ugurdan bilermen saýýanlar hem oňa «Hä, bu Buhara halysy» diýýärdiler. Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, halkymyz ähli gymmatlyklaryna eýe boldy. Häzirki döwürde ol gymmatlyklaryň sany artyp gidip otyr. Türkmen halylary hakynda aýdylanda, häzir olary tanatmak gerek däl, olary bütin dünýä tanaýar. Ýöne munuň üçin ýyllar gerek boldy. Ýyllar bolsa türkmeniň haýryna işleýär...

Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler

3-nji noýabrda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmen energiýa forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler berkarar Diýarymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar we bolelin durmuşynyň, röwşen ertiriniň ygtybarly üpjün edilmegine gönükdirilendir. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowat bolan täze elektrik bekediniň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi hem bu buýsançly hakykatyň aýdyň beýanyna öwrüldi.               Hormatly Prezidentimiziň Kararyna  laýyklykda gurlan häzirki zaman bekedi Demirgazyk — Günorta transkontinental ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän Etrek etrabynyň geljekki durmuş-ykdysady ösüşlerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ugratmakda hem bähbitli desgadyr.    Umumy tutýan meýdany 128 müň inedördül metrden geçýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze bekediň gurluşygyny «Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň buýurmasyna laýyklykda, «Lebapenergogurluşyk», «Maryenergogurluşyk», «Aşgabatenergogurluşyk», «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanalarynyň, «Türkmenelektrogurnama» ýöriteleşdirilen dolandyryş edarasynyň we «Türkmenenergoabatlaýyş» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetird

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan: Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjowiç Begenjowa 2024-nji ýylyň 2 — 8-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Pontewedra şäherinde erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolup, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulag;

«Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr»

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şanly ýylda geçirilen taryhy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly täze goşgusy parahatçylygy, abadanlygy, asudalygy ündeýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň mazmunyny, gymmatyny çeper beýan edýän ajaýyp eserdir. Parahatçylygyň geljege iň mukaddes, gymmatly mirasdygy, ömürleriň manysynyň söýgi-mähir, yhlasdygy, bu dünýäniň bir-biregi hormatlap, sarpalap ýaşamaly dünýädigi bu ajaýyp şygyrda täsirli, çeper beýan edilýär. Bu şygyr parahat dünýämiziň abadançylygyny, asudalygyny geljegimiz bolan bagtyýar nesilleriň hatyrasyna goramak barada külli adamzat üçin çagyryşdyr. Parahatçylyga, asudalyga çagyryş — adamzat durmuşynyň gazananlarynyň içinde iň mukaddes düşünje. Parahatçylyga çagyryş — ynsanyýeti dostluk, ynsanperwerlik atly beýik ýörelgä çagyryş. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň äleme dolan umumadamzat bähbitli tutumly beýik işleri hem hut şu mukaddes düşünjeden ugur alýar. Parahatçylyk bilen bagly islendik pikir, islendik döredilen sungat eseri adamzady bakylyga alyp gitjek mukaddeslikden nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu şygrynda: Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatl

Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler

Aşgabat, 3-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda häzirki döwürde eziz Watanymyz

Elektroenergetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar

Balkan welaýaty, 3-nji noýabr (TDH). Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat we etrap häkimlikleriniň, elektroenergetika pudagynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ygtybarly energetika ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen, güýjenmesi 220 kilowat «Etrek» elektrik bekediniň gurlup ulanmaga berilmegi hem munuň nobatdaky güwäsidir. Bu elektrik bekediniň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi. Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnolo

Ýetilen sepgitleriň sergisi

Düýn, 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly 12-nji halkara sergi öz işine başlady. Halkara sergi «Net organization», Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň guramagynda amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan bu giň gerimli çäre dünýäniň dürli künjeginden 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Hindistanyň, Latwiýanyň, Germaniýanyň hem-de Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy wekilleri bar.

Türkmen manadynyň güni bellenildi

1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde, ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly, döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli bank işgärlerine iberen Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň

Dabaraly maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň, şeýle-de energetika işgärleriniň we awtoulag we ýol hojalygy işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşleriniň bilelikde geçirmeginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurluşyk, senagat we energetika syýasaty» atly dabaraly geçirildi. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bu dabarada çykyş edenler gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy, senagat we himiýa senagaty ýaly möhüm pudaklarda alnyp barylýan işler we durmuşa geçirilýän möhüm taslamalar barada nygtadylar. Şeýle-de «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň geçirilmegi degişli pudaklaryň hünärmenleriniň zähmetini we ykdysady ösüşe goşýan goşantlaryny dabaralandyrýandygyny bellediler.