"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Maslahatly biçilen don gysga bolmaz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň bady artýar. Raýat jemgyýetimizde milli demokratik ýol-ýörelgelerimizi has-da kämilleşdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Welaýat zenanlar bölüminde

Guramaçylyk ýygnagy geçirildi Geçen sişenbe güni welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda welaýat zenanlar bölüminiň guramaçylyk ýygnagy geçirildi. Ýygnaga etrap, şäher zenanlar bölümleriniň başlyklary we işjeň agzalary, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalardaky ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işewür gyz-gelinler we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahaty welaýat kitaphanasynyň direktory, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzasy Ýazgül Sarykowa alyp bardy.

Söwda ulgamynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň şertidir

Türkmenistanyň söwda syýasaty ýurduň ykdysady ösüşiniň we daşary syýasy gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biridir. Içerki bazardaky söwda dolanyşygynyň ösüşi söwda pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmek barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

ÝAZGULYÝEW G.J. hakynda Ýazgulyýew Gurbanmyrat Jumamyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Söwda ulgamynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň şertidir

Türkmenistanyň söwda syýasaty ýurduň ykdysady ösüşiniň we daşary syýasy gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biridir. Içerki bazardaky söwda dolanyşygynyň ösüşi söwda pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmek barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Parahatçylygyň we abadançylygyň ýoly bilen

Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir. 30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. BMG-niň esas goýujy halkara şertnamalarynyň, konwensiýalarynyň, ýaragsyzlanmak babatda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen, ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi bellenildi. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýla

Hoşniýetli doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda aýdanlaryndan

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin gallanyň bol hasyly öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy babadaýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň uly goşandy bardyr. * * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.A.AMANGELDIÝEW hakynda Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.

Ilkinji «akylly» şäheriň binagärlik aýratynlyklary

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Şol gün ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda halklaryň arasyndaky dost-doganlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky halklaryň bähbidine gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Binagärligiň ajaýyp nusgasy

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Türkmen halkynyň asylly ýörelgesi

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Ata-babalarymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, maslahat etmek esasy ýörelgeleri bolupdyr. Pederlerimizden miras galan şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär.

Beýik ösüşlere beslenýän Diýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkyň medeni hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter gowulanýar. Türkmenistany syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň barşynda öňde duran möhüm wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, esasan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir.

Eziz Watan köňül buýsanjymyzdyr

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, ýurdumyzda buýsandyryjy özgertmeler amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhy beýik işler bilen şöhratlanýar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde iň öňdebaryjy, ykdysady ösüşe eýe bolan döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda — syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde beýik ösüşleri üpjün edýän uly işler durmuşa geçirilýär, maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda belent özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça her bir pudak, her bir ulgam üçin anyk meýilnamalar işlenip düzüldi, olaryň öz wagtynda amal edilmegini üpjün edýän şertler döredildi. Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, halkymyzyň milli agzybirligini pugtalandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna, ykdysadyýetiň okgunly ösmegine gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasy, ykdysady we hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar we oňyn başlangyçlar işjeň dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 5-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.A.AMANGELDIÝEW hakynda Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.A.AMANGELDIÝEW hakynda Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.