Senagat desgalary — ösüşleriň keşbi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň paýhasly sözleriniň durmuş hakykaty bolup, şöhratly taryhymyzy has baýlaşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, ulanylmaga beriljek ençeme ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr desgalar barada aýtmak bilen, gadymy Lebap topragynda bina edilen sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem açylyp ulanylmaga beriljekdigini nygtady.