"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlary iberenler häzirki döwürde ahalteke bedewiniň Garaşsyz Watanymyzyň döredijilik güýjüniň aýdyň nyşanyna öwrülendigini nygtaýarlar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimizi umumymilli baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy M.Çaryýew, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, “Adalat” gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory B.Myradow, “Arkadag” gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, “Watan” gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, “Nesil” gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, “Esger” gazetiniň baş redaktory S.Myradow, “Diýar” žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, “Garagum” žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, “Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, “Güneş” žurna

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy, mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy, Siziň doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de edara binasyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Bedew bady bilen täze üstünliklere tarap

Geçen hepdede ýurdumyzda halkymyzyň jebisligini, häzirki nesliň pederlerimiziň ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyran Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Halkymyzyň buýsanjy, milli baýlygy, ýurdumyzyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan şöhratly bedewlerimiz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.

Rowaçlyklara badalga

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky öňde goýlan maksatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir.

Rysgal-bereketli, döwletli Diýar!

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.  Maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Gül Watanyň ösüşleri ýüwrük badyňda bedew!

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Ahalteke bedewleri halkymyzyň gymmatly buýsanjy bolup, milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. «Dünýä halklaryny dosty-ýar eden,Bir beýik ykbal sen illere, bedew!»

Netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hoşniýetli gatnaşyklar

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Tatarystanyň Raisi şu gezekki giň gerimli dabaralaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň hem bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidigini belledi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

28-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň

Dost-doganlygyň berk binýady

28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Şöhratly taryhymyzyň şuglasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy biziň üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu kitap her birimizi buýsandyryp, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde gymmatly gollanmadyr. Kitapda ylmyň we medeniýetiň ösmegine örän uly itergi beren ekerançylyk, ak bugdaý, gadymy medeniýet hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýy barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmeginde, beýik işleri durmuşa geçirmekde nusgalyk görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän bu kitap Watany söýmekde her birimize nusgalyk wagyz-nesihatçy, ýol görkeziji şamçyragdyr. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsinden dörän eserdir. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda şeýle belleýär: «Kakam Gahryman Arkadagymyzyň taryha, esasanam, türkmen halkynyň taryhyna degişli berýän gyzykly gürrüňleri hemişe täsirli». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, nesil terbiýesiniň milli ýörelgesini, türkmen halkynyň taryhyna bolan buýsanjy duýmak bolýar.

Gadymy mirasymyza belent sarpa

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklarymyza, gadymdan gelýän mirasymyza belent sarpa bar. Şonuň üçin hem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara şöhratly taryhymyzy wagyz etmek asylly ýörelgeleriň biridir. Şeýle asylly ýörelgelere esaslanyp geçirilýän sapaklarda we wagyz-nesihat çärelerinde halkymyzyň şöhratly taryhy barada gürrüň berýäris. Milli gymmatlyklarymyzy we şöhratly taryhymyzy wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar, beýik ösüşlere ýetilýär. Şeýle ösüşlere beslenýän döwrümizde halkymyzyň ruhuny baýlaşdyrmak, şöhratly taryhymyzy öwrenmek we wagyz etmek asylly ýörelgelerdir. Munuň özi eşretli durmuşy, sagdyn jemgyýeti kemala getirýär we röwşen geljege ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň medeni mirasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşup gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda bu barada aýdyň mysallar, taryhy maglumatlar beýan edilýär. Bu taryhy maglumatlar ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegine hem, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Sazlaşykly işler üstünlige ýetirýär

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda: “Siziň parahatçylygy berkitmäge, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, ähli ýurtlaryň durnukly we ýokary depginlerde ösmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilen halkara işiňiz uly hormata mynasypdyr” diýip belledi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. “Dünýäde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen işleriňiz, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyňyz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belledi.