"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi. ***

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr

Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýylyň başynda Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşygy bolup, onuň barşynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk babatda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bu ugurda geçirilýän işiň esasy wezipeleri hökmünde bellenildi.

Beýik maksatly işler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri we daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär hem-de degişli çözgütleri kabul edýär. Muňa milli Liderimiziň geçirýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda garalýan meseleleriň we kabul edilýän kararlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşy

Hormatly deputatlar! Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Aşgabat gündogaryň merjen şäherine öwrülýär

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimiz binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy ulgamynyň işi kämilleşdirilýär

25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.

Kanunyň kämilligi — jemgyýetiň sagdynlygy

Milli Liderimiz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy 25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Aşgabat täze sepgitleri nazarlaýar

Ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli Aşgabat özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz ýüzlerçe nusgalyk binalara we desgalara, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlaryna beslendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik strategiýasyna baglylykda, sazlaşykly ösýän türkmen paýtagty şäherde ýaşamagyň döwrebap we ähli amatlyklary bolan köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda şular ýaly giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy

25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli Parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.

Paýtagtymyzy ösdürmek bilen bagly wezipeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ak şäherimiz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň binagärlik hem döredijilik ussatlygyndan, paýtagtymyzy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryndan gözbaş alyp, Gündogaryň merjen şäherine, parahatçylyk dörediji merkeze we halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-siniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa türkmenistanlylaryň baş şäherimize bolan buýsanjyny artdyrýar. 24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirip, şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümi, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklary, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşy boýunça täze taslamalar bilen tanyşdy.

Döwletimiziň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy 25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen alabaýynyň baýramy döredildi. Permana laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy

25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti maslahat geçirdi

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş. Durdylyýew taýýarlanan taslamalar, olaryň gurluşyklary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz bellän beýik maksatlarymyza ynamly ýeteris

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji fewraly) Hormatly deputatlar!

Ösüşlere beslenýän nurana şäher

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, eziz Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat ösýär we gözelleşýär. Şu günler milli Liderimiziň badalga bermegi bilen ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýär. Muňa öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçiren maslahatyndan hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň barşynda şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.