"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Täzelikçi ussat

Ussat suratkeş, sazanda, şahyr, kinoaktýor, mugallym Bäşim Nuraly türkmen milli sungatyna ägirt uly goşant goşan halypalaryň biridir. Ol türkmen durmuşynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän ajaýyp nakgaşçylyk eserleri bilen bilelikde, daş görnüşi boýunça üýtgeşik saz gurallaryny ýasamakda hem tapawutlanypdyr. Ol aýdym-sazy söýüpdir, dutarda we gyjakda ussatlarça saz çalypdyr. Ol her bir ýasan saz guralyna irginsiz zähmet, yhlas siňdiripdir. Bäşim Nuraly türkmen milli saz sungatynyň ägirtleri Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Pürli Saryýew, Geldi Ugurlyýew bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Olar täzelikçi ussa hökmünde oňa uly hormat goýupdyrlar. Käte Bäşim Nuralynyň öýüne ýygnanyşyp, onuň ýasan saz gurallarynda saz çalypdyrlar, pikir alşypdyrlar.

Türkmen ruhy siňen suratlar

Küýzeler

Taryhy çeşmeleriň beýan etmegine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanda irki döwürlerden bäri küýzeçilik uly ösüşlere eýe bolupdyr. Küýzegärler gündelik durmuşda ulanylýan dürli görnüşli küýzeleri ýasamak bilen meşgullanypdyrlar. Olaryň elinden çykan küýzeler berkligi we gözegelüwliligi bilen alyslarda-da giňden belli bolupdyr. Jürdek — suw saklamak üçin ulanylýan ýaýbaň billi, bokurdakly, bir gulply gap. Ony, köplenç, uzak ýere gidilende peýdalanypdyrlar. Gündelik durmuşda onuň dürli görnüşlerine gabat gelinýär.

Halkymyzyň durmuş ýörelgesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek bolsa türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesine, mertebäniň mizan terezisine öwrülendir» diýip, ynsan ömrüni çuň many bilen bezeýän ýagşylyklaryň milli däplerimizdäki ajaýyp aýratynlyklaryny şöhlelendirýär. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde uzak geljege gönükdirilen maksatlarymyzyň ýerine ýetirilýän işleriň mysalynda häzirki günlerde hem şöhlelenýändigini nygtamak bilen:  «Haýyr-sahawat gaznasynyň uly geljegi bar»   diýen parasatly sözleriniň durmuş wakalaryndaky mysallaryna bolsa halkymyz bilen birlikde bütin dünýä buýsanýar.

Magtymguly, syn gerekdir gözele

Gülleýän, gül açýan ajaýyp zamanamyzda dana, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna degişli dürdäne setirleri öz terligi bilen janyňa melhem bolýar, maňzyňa batýar. Onuň ölmez-ýitmez setirleri şirinligi, dogruçyllygy, belent adamkärçiligi, halallygy, mährem-mähribanlygy bilen kalbyňa çuňdan ornap, seni öz täsin dünýäsine atarýar. Şahyryň «Jan içinde bile bolar ýüregi» diýip ezizleýän gülälek ýaly gelin-gyzlarymyz hakyndaky şirin şygyrlary bolsa olara bolan buýsanjyňy, guwanjyňy goşalandyrýar. Gurbangül GUZYÇYÝEWA,

Akyldaryň gadamy düşen mukaddes ýerler

«Zenan kalby» žurnalynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap häkimligi bilen bilelikde geçiren döredijilik duşuşygyndan pursatlar Idris baba barýan ýol

Zenan kalbynyň keşdesi

Zenan kalbynyň näzikligi, gözelligi onuň eli degen her bir zatda, başyna baran her bir işinde aýdyň şöhlelenýär. «Zenan eliniň degeni bildirýär» diýlen jümläniň il arasynda giňden ýaýramagy hem şonuň bilen düşündirilýär. Beýle bahanyň diňe sünnälik bilen, ýokary derejede hem-de kemsiz ýerine ýetirilen işlere berilýändigini bolsa gündelik durmuşymyzdan bilýäris. Şeýle bolansoň, gönüden-göni zenan elinden döreýän nepis keşdeler hakda hem diňe taryply sözleri aýtmak mümkindir. Halkymyzda: «Edil keşde çeken ýaly» diýlen aýtgy bar. Ene-mamalarymyzyň galdyryp giden milli mirasynyň arasynda keşdelere aýratyn orun degişlidir. Uly bir halkyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny özünde şöhlelendirip bilýän keşdeler çeper elli zenanlarymyzyň döredijilik başarnyklary, dünýä ýaly giň ýüregi, gözel zenan dünýäsi hakda maglumat berýär. Olary üns bilen synlanyňda, gözellige hormat goýýan türkmen halkynyň millilik ruhuny duýmak bolýar.

Asyrlar aşan elbukja

Gelin-gyzlaryň bezäp tikýän milli işiniň önümi bolan elbukja ir döwürlerde-de, häzir hem durmuşa çykýan gyz we onuň ýakyn hossarlary tarapyndan taýýarlanyp, sowgat edilýär. Gyzyň bagtly, rysgally bolmagy arzuw edilip, yhlas bilen taýýarlanylýan milli egin-eşikler, el işleri hiç bir halkyňka meňzemeýär. Elbukja özboluşly aýratynlygy bilen göze gelüwli görünýär. Nepisligi bolsa, hut gyz näzikligi ýaly, owadan hem gelşikli. Elbukja salynýan inçe we nepis keşdeler diňe türkmen zenanlarymyzyň eli çeperliginiň, zehininiň önümi bolman, eýsem, olaryň ýürek owazydyr hem.

Gymmatly hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby, şeýle-de “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitap baý many-mazmuny bilen tapawutlanyp, gyzyklanma eýe bolýar. Munuň şeýledigine täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşanymyzda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Şu günler bu gymmatly kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralary Babadaýhan etrabynyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda işjeň häsiýetde geçýär. Şeýle dabaralary guramakda etrabymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Täze neşirler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda halkymyza bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatlardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň ozalky çap edilen gymmatly eserleriniň üstüni ýetirmegi, dogrusy, ählimizi begendirdi we buýsandyrdy. Bu kitap biz — ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetli gymmatly hazynadyr. Ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherine bagyşlanan “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitap hemmeleriň gyzyklanmasyny artdyrdy. Şatlyga beslenen şanly günlerimizde şeýle ajaýyp kitaplary maňlaýymyza sylmak bagtyna eýe bolandygymyz üçin özümizi juda bagtyýar saýýarys. Ruhubelent halkymyzy baky bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagl

Sungata öwrülen nepislik

Edil gül çemenli sähralyklary, lummurdap akýan çeşmeleri, goýny keremli belent daglary, ýene-ýene birnäçe gözellikleri suratlandyrýan keşdeler özüniň gözelligi, nepisligi bilen bu günki gün sungatyň ýokary derejesine çenli baryp ýetdi. Şol keşdeler bolsa diňe türkmen milli lybaslaryny bezemeýärmi, eýsem?! Hawa, şol çeper gözellik we nepislik — keşdeçilik sungaty birnäçe asyrlardan bäri ösdürilip hem kämilleşdirilip, halkymyzyň milli gymmatlygyna öwrüldi. Köpöwüşginli maddy we ruhy medeni mirasymyzyň ulgamynda şol edep-terbiýe ruhuna birkemsiz ýugrulan gülden görkli keşdeli milli egin-eşiklerimiziň-de uly orny bar.

Ýagşydan at galar

BILIME BAGYŞLANAN ÖMÜR Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek, dürli ulgamlarda işläp at-abraý gazanan şahsyýetlerimizi hormatlamak, olaryň durmuş ýollaryny öwrenmek, nusgalyk işlerini ýaş nesillere ýetirmek işlerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýatlanylmaga, bitiren işleri öwrenilmäge hem-de wagyz edilmäge mynasyp adamlaryň biri-de geçen asyryň 60 — 80-nji ýyllarynda bilim ulgamyny ösdürmekde diňe bir Murgap etrabynda däl, eýsem, tutuş Türkmenistan döwleti boýunça giňden tanalan, uly sylag-hormatlara eýe bolan Gurbanmyrat Geldiýewdir.

Taryhy gymmatlyk tapyldy

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde Türkmenabat serhet birikmesiniň Ýaşyldepe serhet galasynyň harby gullukçylary tarapyndan tapylan taryhy gymmatlyk bilen tanyşlyk çäresi geçirildi. Has takygy, serhetçiler gadymy küýzeleriň birini tapdylar. Arheologlaryň we taryhçylaryň pikirlerine görä, bu küýzäniň XII ― XIV asyrlara degişli bolmagy çaklanylýar.

Ömür menziliniň beýany

Halkymyzyň göwnüni galkyndyran Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisinde «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň çap edilendigini habar berdi. Bu hoş habar agzybir halkymyzy çäksiz begendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň şowhunly dabaralara beslenip açylan günlerinde halk köpçüligine ýetirilmegi halkymyz üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzyň bedew batly ösüşli menzilleri, halkymyzyň agzybirligi hem-de bagtyýar durmuşy, özara halkara gatnaşyklaryň köpugurly görnüşde ösdürilmegi, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagy, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýaş nesliň ählitaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmegi, olary halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek hakynda giňişleýin beýan edilýär. Milli Liderimiz bu kitabynda ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly bilen bagly ýatlamalaryny, syýasy pikir-garaýyşlaryny çeper dilde beýan edýär. Kitaby okap, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de nesi

Döredijilik ylhamy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalara baý bolmagy ulus-ilimiziň buýsanjyny goşalandyrýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk, dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy bolsa, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylar. Şeýle göwün göteriji, köňül joşduryjy günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň, şeýle hem «Arkadag şäheri—geljegiň şäheri» atly täze kitabyň elimize gowuşmagy bagtyýar halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly edebi döredijiliginde halkymyzyň milli ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapyp, «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamy bolan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda geçilen ýollar, ykbal pursatlary durmuş-pelsepewi nukdaýnazardan beýan edilip, çuňňur garaýyşlar öňe sürülýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Elbetde, her bir ynsan öz ömrüni many bilen bezemäge çalyşýar. Men geçilen ýollar, duşuşyklar, ynsan ykballary hakynda kän oýlanýaryn. Täze kitabymda hem, ine, şolar barada pikir ýöretdim. Iş saparlarymdaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklarymy ýakymly ýatlamalar bilen täze kitabymda hem beýan etdim. Durmuş ýoly uzak. Oý-pikirler entegem kän. Şonuň üçin bu kitabyň — «Ömrümiň manysynyň dowamatynyň» hem dowamaty bolar diýip ynandyrýaryn» diýip, parasatlylyk bilen belleýär.

Keteni

Ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň iň gadymylarynyň biri-de türkmen milli matalarydyr. Geçmişde mata dokamak türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Dünýäni haýrana goýan şol matalary türkmen gelin-gyzlary ýönekeý agaç gurallaryň kömegi bilen dokapdyr. Olaryň arasynda keteni özüniň reňki, täsin öwüşgini, hiliniň berkligi bilen beýleki matalardan tapawutlanypdyr. Gelin-gyzlarymyzyň milli egin-eşigi bolan keteni gadymylygy bilen bellidir. Türkmen zenanlarynyň dokan matalary hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýlip, Merwiň ýüpek matalary wasp edilýär. Dünýäde meşhurlyk gazanan keteni Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen uly şäherler bolan Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Halk arasynda keteniniň döreýşi, onuň meşhurlygynyň syry barada şeýle rowaýat hem bar: «Günlerde bir gün lapykeç halda barýan ýigidiň öňünden bir ýaşuly çykyp, onuň halyndan habar alýar. Ýigit ýarawsyz ejesine hiç hili em tapyp bilmeýändigini aýdýar. Şonda ýaşuly ýigide tut agajyna gurçuk goýberip, ýapraklaryndan pile saradyp, onuň ýüpek süýüminden bolsa tebigy ösümlik bolan çöpboýa boýalan gyrmyzy reňkde keteni dokadyp, köýnek geýdirmegi maslahat berýär. Ýaşulynyň maslahatyna eýeren ýigidiň ejesi täsinlik bilen keselinden saplan

Jykyr

Ata-babalarymyzdan miras galan gadymy suw desgalarynyň biri-de jykyrdyr. Bu ýönekeý guraly suwuň her damjasyny altyna, zere deňän pederlerimiz ir döwürlerde ýapdan, jardan, derýadan emeli usul bilen suw çykarmak üçin ulanypdyrlar. Onuň uly, tegelek, suwa batyp aýlanýan çarhy bolup, şoňa köp sanly agzy giň küýzejikler berkidilipdir. Çarh aýlananda, onuň aşagyndaky, suwa batyp duran ýerindäki küýzejikler suwdan dolup, ugurdaş salmajyga dökülýär. Gorizontal (ýagny, keseligine) ýagdaýda guralan çarh özüniň dişleri bilen jykyryň wertikal (ýagny, dikligine) ýagdaýda guralan tigriniň dişleriniň arasyna girer ýaly edilip ýasalýar. Dik görnüşdäki çarhyň okuny gözi daňylgy mal, ýagny düýe, at ýa-da eşek aýlapdyr. Şol çarh hem jykyry herekete getiripdir. Gadymy jykyrlaryň biziň günlerimizde mirashana gymmatlygyna öwrülip galandygyna garamazdan, käbir ýerlerde akar ugurlarynda mellek ýerlerini suwarmak üçin onuň sadaja görnüşleriniň seýregräk-de bolsa ulanylýandygyna gabat gelmek bolýar. Halkymyzyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän söz ummanynda jykyr bilen baglanyşykly sözleriň hem-de, söz düzümleriniň ençemesi bar. Ýeri gelende olaryň käbirleri bilen tanşyp geçsek, ata-babalarymyzdan miras galan bu gadymy suw desgasy bilen has-da oňat tanşarys.

Magtymguly kylsa öwüt...

Halkymyz Magtymguly Pyragyny edebi atasy saýýar, ony pähimiň we çeperçiligiň elýetmez nusgasy hasaplaýar. Dürli milletleriň akyldarlary ynsany biri-birine golaýlaşdyrýan ruhy ýakynlygy möhüm orunda goýup, ony ykrar edipdir. Bizi Magtymguly Pyragy bilen ýakynlaşdyrýan gudratly güýç hem aramyzdaky köpasyrlyk menzile garamazdan, ruhy ýakynlyk bolsa gerek. Döwürleriň özüne mahsus hakykaty bolsa-da, häzirki zaman jemgyýetimiziň, halkymyzyň dünýägaraýşynda watansöýüjilik, adamkärçilik ýaly pikirleriň milli ruhy gymmatlyklarymyzyň naýbaşy hökmünde barha ýokary göterilmegi buýsançlydyr. Magtymguly Pyragynyň dürli ylymlardan habarly bolandygyny goşgularynyň her setirinde görmek mümkin. Muny onuň dürli medreselerde okap, bilim alandygy hem tassyklaýar. Başlangyç bilimi öz kakasyndan alan şahyryň ilki oba mekdebinde, soňra Halaçdaky Idris baba, Buharadaky Gögeldaş, şeýle-de Hywadaky Şirgazy medreselerinde okap, öz döwrüniň görnükli alymlaryndan tälim almagy ony has-da taplaýar. Ol Nyzamy, Nesimi, Fizuly, Nowaýy ýaly Gündogaryň görnükli şahyrlarynyň eserlerini irginsiz okaýar. Döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişýär. Dünýä pelsepewi pikirlerini ösdürip, çeperçilik aňyny nurlandyrýar. Dünýewi durmuşy çeper şöhlelendirip, ynsan kalbyna inçelik bilen aralaşýar.Şahyryň agzybirlik, bitewülik baradaky şygyrlary üç asyr bäri, ençeme nesilleri halallyk, zähmetsöýerlik, watançylyk ru

AÝYT GURBAN, GURBANLYK...

Gurban baýramynyň hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýörite iş günleri däl diýlip bellenilmegi halkymyzyň ruhy medeniýetine goýulýan ägirt uly sarpanyň ýene-de bir aýdyň ykrarnamasydyr. Ir säherler döwletimiziň ähli künjeklerindäki metjitlerden ýaňlanýan azan seslerine ören halkymyz gurban şor edinip, baýram namazlaryna agzybirlik bilen gatnaşýarlar. şeýdibem, ýagşy dileg dogalardan başlan baýram günleri aýdym-saza, baýramçylyk çärelerine ulaşyp gidýär. Bu setirleri okan badyňa aýdymyň «Belent, belent bat aldyk!» diýen setirleri hem biygtyýar diliňe gelýär. Hawa, oýlanyp otursaň, çagalykdan aňymyzda ornan bu aýdym setirleri diňe bir baýramy wasp etmän, eýse tutuş döwrümiziň waspyny ýetirip ýaňlanýana meňzeýär. Çünki buýsançly başymyzy gök direden bu ajap eýýam — Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň dowamy, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda täze belentliklere sary bat alýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasy, gadymy hem müdimi halkymyzyň dünýe içre dabaralanýan zamanasydyr. Bu gün türkmeniň şanly toýlarynyň çakylygy dünýä ýaýraýar, bu gün türkmen göwnüniň ýagtysy äleme çaýylýar, bu gün türkmen törüniň mähri Gün bolup şugla saçýar! Asyrlardan asyrlara sahabaty, pähim parasady, agzybirligi, dostanalygy ýürekleriniň töründe göterip, nesilden nesle geçiren ata babalarymyzyň miras goýan ruhy baýlyklary bu gün täzed

Güllerinde gözellik bar

Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Gülüň owadan» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen keçesiniň waspyny ýetirmek, milli sungatymyzyň bu görnüşiniň özboluşly aýratynlyklaryny we onuň inçe syrlaryny ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek, ýaşlary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen guralan bu bäsleşige etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlaryň 20-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşigiň birinji şertinde oňa gatnaşanlar keçe basmak üçin ýüňi saýlap almak we saýmak, ony daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamyşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Welaýatymyzyň milli aýratynlyklaryny äşgär edýän keçe gülleriniň taryhyny gürrüň bermek, gadymy nusgalar boýunça keçe güllemek ikinji şert hökmünde kesgitlenildi. Keçe bilen baglanyşykly yrymlary, nagyşlaryňdyr gülleriň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, gazallardyr aýdyşyklary ýerine ýetirmek bäsleşigiň jemleýji şerti boldy. Bu ugur boýunça gelin-gyzlar goýnuň ýazlyk we güýzlük ýüňlerinden keçe basmagyň aýratynlyklaryny, tebigy boýaglaryň peýdalanylyşyny iş ýüzünde görkezdiler.

Jümle-jahan zynaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çeper mirasy bilen ugurdaşlykda nusgawy edebiýatymyzyň esasyny goýan Döwletmämmet Azadynyň ömrüne we döredijiligine degişli maglumatlar hem ylmy esasda öwrenilip, dünýä ýaýylýar. Döwletmämmet Azadynyň durmuşyna degişli dürli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim alşy bilen baglanyşykly mesele okyjylary gyzyklandyryp gelýär. Bu ugurda toplanan ylmy we halky maglumatlary okyjylara ýetirmegi miwessa bildik.