"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Gerilgi ýüpde batlanar

Sallançak — munuň özi täze doglan çaganyň kemala gelýän, mukaddes ene gujagyndan soňra eý görýän we rahatlanýan ilkinji öýi, ruhy-ahlak dünýäsiniň baýlaşýan ilkinji ýeridir. Sallançak halkymyzda mukaddeslik hasaplanýan gymmatlyklaryň biri. Çünki ol ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýürek arzuwlaryndan, köňül isleglerinden, ruhy-ahlak ýörelgelerinden döräp, dowamat-dowam boljak nesilleriň terbiýelenýän ýeridir. 

Geçmişe gadyr goýmagyň güwäsi

Ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmekde taryhy-medeni gymmatlyklaryň hyzmaty uludyr. Şundan ugur alnyp, Watanymyza, halkymyza wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, olaryň ruhy kämilligini gazanmakda milli ruhy-medeni, taryhy gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň ornuna möhüm ähmiýet berilýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde dabaralanmagy hem muňa anyk subutnamadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şeýle döwletli tutumlardan ruhlanyp, Etrek şäheriniň ýaşaýjysy, mirasgär Hudaýnazar Godanow Etrek etrabynyň taryhyny we ülkäni öwreniş döwlete dahylsyz hususy muzeýiniň işini ýola goýdy. Mirasgäriň bu ilhalar tutumy ýerli ýaşaýjylaryň hem-de etrap häkimliginiň goldawyna mynasyp boldy. Hemaýatkärleriň ýardamy bilen öz işini ýola goýan muzeý etrabyň taryhyny, göreldeli şahsyýetleriniň zähmet we durmuş ýoluny, olaryň nusgalyk işlerini içgin öwrenip, ýaş nesle ýetirmegi maksat edinýär. Etrapda bolsa şeýle şahsyýetleriň barmak büküp sanardan köpdügine muzeýde ýerleşdirilen maglumatlar doly şaýatlyk edýär. Şeýle-de muzeýde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň döredijiligini wagyz etmekde oňyn işler durmuşa geçirilýär.

Kürte — gelinleriň gelşigi

Gözellikden doýma ýok. Ol özüni synlan dideleri erksiz yzyna düşürýär-de, sungatyň solmaz gülleri barada gürrüň berýär. Egni gyzyl çykyş ketenili, aýagy nepis dokalan ýüň joraply, öňüne çapraz-çaňňa dakylan çabydyň üstünden gyrmyzy kürte atylan gelin gözellik bagyna seýran edýän ýalydyr. Türkmeniň «men diýen» sünnäli sungat eserlerini, gülgüzar meýdanlary ýada salyp duran owadan nagyşlar çekilen çyrpylary, kürteleri, çabytlary, ýeňsizleri, begresleri synlap, haýran galýarsyň.

Syrmany oturtmagyň aňsat usuly

Gerekli zatlar: — syrma;

Tikini epläp bassyrmagyň görnüşi

Gerekli zatlar: — ýorgan-düşeklik, ýassyklyk üçin matalar;

Matadan tikilen ýumşak oturgyç

Bu köptaraply ýumşak oturgyjy tikmegi tikinçilik işine ýaňy başlan gelin-gyzlar hem başarsalar gerek. Ony tikmegiň ýönekeýje usuly bar. Olary islegiňize görä, kiçi we uly göwrümlerde hem-de öýüňiziň içki bezegine laýyklykda, tikip bilersiňiz. Ýumşak oturgyjy tikmek üçin gerekli zatlar:

Dünýämize gözellik — naýbaşy sungat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň adyny şöhratlandyryp gelen maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda akyl-paýhasa eýlenen gymmatly taýsyz döredijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr. Gadymdan gelýän täsin binagärçilik, şekillendiriş, zergärçilik sungatymyz, pähim-parasada eýlenen halk döredijiligi eserlerimiz, ajaýyp şygryýet dünýämiz, şirin owazly dutarymyz, ýelden ýyndam bedewlerimiz, arwana düýelerimiz, saryja goýnumyz, wepaly alabaý itimiz, milli şaý-seplerimiz, gözel görkli halylarymyz, ajaýyp keşdeçilik sungatymyz türkmen halkynyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň arasynda behişdi bedewleriň gymmaty örän ýokarydyr. Dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp ahalteke atlarymyzy seýisläp, kämilleşdirmek sungaty bütin dünýä ýüzünde türkmen halkyna meşhurlyk getirýär. Halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen, asyrlaryň dowamynda türkmeniň at-abraýyny, mertebesini belende galdyran atçylyk sungatymyz, bedew atlarymyz uly söýgä, hormata mynasypdyr, gözlerimize çyrag berýän hakyky gözellikdir.

Baý taryhly mekan

Welaýatymyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýär. Şonuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änewde geçirilýän dabaralardyr duşuşyklar, maslahatlar, täsirli çäreler bu gadymy şäheriň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasymyzy öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bolsa, bu ugurda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, egsilmez hazyna bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat edildi. Ajaýyp eser gysga wagtda ulus-ilimiziň söýgüsini gazanyp, her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi.

Diş toýy

Islendik türkmen maşgalasynda ata-baba dowam edip gelýän gadymy milli däp-dessurlaryň döwrebap, täze görnüşde geçirilýändigine buýsanjyň artýar. Şol däpleriň, asylly ýörelgeleriň köpüsiniň nesil dowamy bolan perzentler bilen baglydygy bolsa, milliligimiziň özenini ynsanperwer düşünjeleriň düzýändigine şaýatlyk edýär. Ynha, şeýle däpleriň biri hem çagalaryň ilkinji dişi çykyp başlanda berilýän diş toýudyr. Alty aýlykdan başlap, çaganyň alyn dişi çykýar. Ilkinji çykan akja dişe toý bermek türkmen halkynda däbe öwrülen dabaralaryň biri bolup durýar. Diş toýy ýakyn garyndaşlar, oba arasyndaky goňşular çagyrylyp geçirilýän däp-dessurlardyr. Eger diş toýy tutulýan çaga maşgalada ilkinji ýa-da ýaşulularynyň ady dakylan bolsa, dabaranyň has uludan bellenilýän ýagdaýlary hem bolýar.

Watansöýüjiligiň belent nusgasy

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň giň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär, olaryň saglygyny goramak, dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Asylly däbe eýerilip, ýylyň-ýylyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

«Gopuz alyp, beýik nagra çaldyrsam...»

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen halkynyň medeniýeti, durmuş we jemgyýetçilik esaslary, milli saz gurallarynyň atlary, gadymdan gelýän aýdym-saz sungatymyzyň mirasy bilen bagly gymmatly maglumatlar köp duş gelýär. Milli gymmatlyklary döredijiligiň belent we mertebeli basgançaklary bilen arşa galdyrýan şahyryň eserleri we çeper lirikasy kakylyp, üflenip, kemençeli, kirişli, barmaklaryň hereketleri bilen ýerine ýetirilýän, halypadan şägirde geçip gelýän gadymy, orta asyr saz gurallarynyň atlaryna baýlygy boýunça aýratyn tapawutlanýar. Akyldaryň döredijiliginde 10-dan gowrak milli saz gurallarynyň görnüşleriniň ady önümli wasp edilýär. Jadyly saz senediniň atlarynyň iň köp nusgalary ussadyň «Ýar senden» diýen şygrynda:

Ga­dy­my Äne­wiň mü­di­mi yk­ba­ly

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 TÜRK­SOÝ ta­ra­pyn­dan Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­siniň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­ýän gün­ler­de hor­mat­ly Prezidentimiziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy hem­me­le­ri be­gen­dir­di. Bu aja­ýyp ki­ta­byň üç dil­de — türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­de ýa­zyl­ma­gy bol­sa onuň iň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da myh­man bo­lup, türk­men ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti bi­len gy­zyk­lan­ýan da­şa­ry ýurt­ly alym­lar­dyr me­de­ni­ýet-sun­gat we­kil­le­ri­niň hem ki­tap bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär.

Bedewlere degişli esbaplar

Uýan — atyň kellesine geýdirilýän agyzdyrykly, uzyn goşa gaýyş bagly esbap. * * *

Kalbyň gözelligi

Türkmen halysy gelin-gyzlarymyzyň kalbyndaky gözellikden, ýüregindäki nuranalykdan dörän ajaýyp sungatdyr. Ol – öýümiziň, toýumyzyň bezegi, durmuşymyzyň ýaraşygy, çeper elli ene-mamalarymyzyň, gyz-gelinlerimiziň ussatlygynyň güwäsi. Şu gün 3-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde  «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, we welaýatlarda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, şeýle-de ýurdumyzyň  ýaş halyçy gelin-gyzlarynyň arasynda  «Türkmen halysy – milli buýsanjymyz» atly  baýramçylyk sergi  bäsleşigi  geçirildi.

Änew sardobasy

1948-nji ýylda bolan ýertitremeden ozal Änew metjidi birnäçe gezek surata düşürilip, alymlar onuň binagärlik gurluşy, çeperçilik bezegi bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Bu binagärlik toplumynyň töweregindäki şäher hem-de onuň derwezesinden görünýän görnüş hakyndaky maglumatlar taryhy ýazgylarda duş gelýär. Alymlaryň pikiriçe, eger Änewde Seýit Jemaleddin ýaly ajaýyp hem gözel binagärlik toplumy gurlan bolsa, onda bu şäheriň şol döwürlerde-de dünýäde saldamly syýasy agramy bolan bolmaly. XVIII-XIX asyrlarda ýaşaýjylar tarapyndan kem-kemden taşlanylyp gidilen galada ýaşaýyş ýuwaş-ýuwaşdan pese düşýär, şol sebäpli hem binada berkidiş-abatlaýyş işleri geçirilmändir. Taryhy çeşmelerde Änewiň töweregindäki tä Garaguma çenli uzap ýatan üzümçilik barada agzalýar. Munis-Agehi «Firdaus ul-Ykbal» atly kitabynda 1818-nji ýylda Muhammet Rahymy Änewi basyp almaga gelende, şäheriň ýaşaýjylarynyň hana üzümiň täze hasylyndan hödür edendikleri, hanyň bolsa Seýit Jemaleddin piriň hormatyna gala hiç hili zyýan ýetirmän, ýaşaýjylara şäheri sowgat edendigi barada ýazýar.

Amul – dost-doganlygyň owazy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda dünýäniň meşhur ylmy merkezleri, halkara guramalary bilen bilelikde, türkmen halkynyň gadymy taryhy, ynsanyýetiň medeni-ylmy hazynasyny baýlaşdyran medeni we ruhy gymmatlyklary, taryhy-medeni ýadygärlikleri düýpli öwrenilýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň 26-njy aprelinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çäginde ýerleşen we özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren Amul galasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuna we ähmiýetine bagyşlanan «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmakda, özara tejribe alyşmakda, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda forumyň ähmiýeti örän uly boldy.

Magtymguly – ynsan kalbynyň öçmejek nury

Asyrlaryň dowamynda uly-uly şäherleri gurup, taryhda öçmejek yzlar goýan ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýörelgeleri bu günki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu gün halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy netijesinde Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwletine, döwletliligine ýetdi. Halkymyzyň köküni çuňluklardan alyp gaýdýan belent çynardygyny äşgär edýän hakykatlaryň biri hem ynsan mertebesini ýokary götermek ugrunda akylyny, döredijilik ukybyny, kämil pähim-paýhasyny sarp eden, ähli eýýamlaryň akyldar ogly, parasatly şahyry Magtymguly Pyragydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň medeniýeti, sungaty, edebiýaty hem rowaçlyklara beslenýär. Munuň şeýledigini bolsa biz şu ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynda hem aýdyň duýýarys. Çünki Magtymguly Pyragy beýik akyldar, şahyr hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Şeýle beýik şahsyýeti dünýä beren türkmen halkynyň beýikligi, gadymy hem müdimiligi, şöhratly taryhy, we röwşen geljegi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öz giň beýanyny tapýar.

Mis suw gaplary

Mirasym — hazyna-genjim Ençeme müňýyllyklary arka atan adamzat taryhy alymlar tarapyndan daş asyry, demir asyry, mis asyry, bürünç asyry ýaly döwürlere bölünendir. Adamlar ilkibaşda daşdan we agaçdan ýasalan gap-çanaklary öz hojalyklarynda ulanypdyrlar. Soň durmuşda mis we demir metallaryň özleşdirilmegi bilen, hojalykda gerek bolan dürli esbaplar ýasalypdyr. Esasanam, mis işlemäge ýeňil we çemli metal bolupdyr. Mis gazanlar, jamlar bilen bir hatarda, uzak ýerlerden suw daşamak we suw saklamak üçin niýetlenen mis suw gaplary hem durmuşda giňden peýdalanylypdyr. Bir saply, göwrümi giň, bokurdagy dar bolan mis suw gaplary uzak ýerlerden suw daşamak üçin amatly bolupdyr. Olaryň bokurdagynyň darlygy suwuň çaýkanmazlygyny üpjün edipdir. Ol suw gaplary «tüň» diýlip atlandyrylypdyr. Suw akýan ýerlerden gelin-gyzlar gollarynda we depelerinde suwdan doldurylan tüňleri göterip, öz hojalyklaryna suw daşapdyrlar.

Ylham — ýeňişlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň kuwwatly ösüşleri bedew bady bilen öňe ilerleýär. «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýip, ýagşy niýet-yrymlaryny bedew atlary bilen baglan türkmen halkynyň atçylyk bilen bagly ýörelgelerini, mirasyny, seýisçilik sungatyny nesilden-nesle geçirip gelmegi milli gymmatlyklaryň bir bölegine öwrülip galypdyr. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň durmuşy, medeniýeti, taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz bedew atlaryny maşgala agzasy hökmünde görüp, altyn-kümüş şaý-sepleri, haly önümleri bilen bezäp guwanypdyrlar. Şahyrlar şygyrlarynda bedewleriň gözelligini, ynsan ýaly duýgurlygyny, syzgyrlygyny, ýüwrükligini çeper wasp edipdirler. Atlary seýislemek başarnyklary bolsa, sungat derejesine ýetirilip, nesilden-nesle geçip gelýär. 2023-nji ýylyň dekabrynda ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy döwürlerden bäri türkmen atşynaslarydyr seçgiçileriniň tagallalary bilen döredilen behişdi bedewleriň janly sungat eseri hökmünde ykrar edilýändiginiň güwäsine öwrüldi. Asyrlaryň dowamynda kemala getirilen özboluşly däp-dessurlar, şol sanda atlary bezemek, mynasyp at dakmak däbi ahalteke bedewleriniň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň

Şygyrlardan owazlanýar köňüller

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijiligi, umumadamzat ähmiýetli pikirleri, pähim-parasada ýugrulan öwüt-ündewleri nesilden nesle geçip, asyrlaryň dowamynda öwrenilýär. Akyldar şahyrymyz bütinadamzat ähmiýetli ajaýyp şygyrlary bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem ýüreginden orun alan şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çeper söz ussadynyň edebi mirasyny has düýpli öwrenmek, giňden wagyz etmek, dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňdir, köptaraplydyr. Onda türkmen halkynyň geçmişi, geljegi öz beýanyny tapýar. Watansöýüjiligi, päk ahlaklylygy, halallygy, merdi-merdanalygy, ynsaplylygy ündän dana Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Ýurt berkararlygy, il azatlygy baradaky oý-pikirler, arzuwlar bilen ýaşan şahyryň şygyrlarynda ata Watana, ene topraga, il-gününe çäksiz söýgi, uly buýsanç bar. Pyragy: