"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Welaýatlardan habarlar

Beden saglygyny berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaş nesiller üçin has hem ruhlandyryjydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, diňe bir ýaşlar däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary sport bilen meşgullanmagy gündelik endiklerine öwürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň gözbaşy hormatly türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başyny başlan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegindedir. Mähriban halkymyzyň, ýaşlaryň şular ýaly ajaýyp zamanada bagtyýar ýaşamagy, sport bilen giňden meşgullanmagy ugrunda şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Dynç alyş we bedenterbiýe

Häzirki zaman dünýäsinde sport gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Çagalar üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmak diňe bir gyzykly güýmenje däl, eýsem, möhüm zerurlykdyr. Sport çaganyň sagdyn ösmegine ýardam edýär we bedeniniň ösüşi üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Yzygiderli beden taýýarlygy keseliň ýüze çykmak mümkinçiligini azaldýar, fiziki we emosional durnuklylygy ýokarlandyrýar hem-de bedeniň ösüş ýagdaýyny çaltlaşdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesi, saglygyny goramagyň mowzugy mekdep derslerinde ol ýa-da beýleki dersler bilen utgaşyklylykda ýola goýuldy. Çagalarda medeniýetiň kemala gelmegi üçin ýurt derejesinde bilim giňişliginiň mümkinçiliklerini peýdalanmagy, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagy, sazlaşykly şahsyýet terbiýesini kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

Çagalar suw ýodalarynda

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Gökderede hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinıň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň suwda ýüzmek boýunça geçiren bäsleşigi çagalara öz başarnyklaryny görkezmäge nobatdaky mümkinçilik boldy. Gökderäniň gözel künjegindäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen 25 metr aralyga suwda ýüzmekde ökdeler öňe saýlandy.

Şypaly kenardaky sapaly günler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigine Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň. Esasan-da, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde bu ajaýyp künjekde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanýar. Çaga gülkülerini eşideniňde, göwnüň göterilip, döwletli-döwranymyza söýgi-buýsanjyň has-da artýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna eziz Diýarymyzyň çar künjeginden gelip, dynç alýan çagalar ýatdan çykmajak, şatlyk-şowhundan doly ýakymly pursatlary başdan geçirýärler. Ady dünýä dolan zolagyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, oýun otaglary, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary we beýleki amatlyklar ýaş nesliň hyzmatynda. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Ýaryşlar, döredijilik bäsleşikleri çagalaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň eýermegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Zehinli çagalaryň gatnaşmagynda guralýan dürli aýdym-sazly çäreler

Dana şahyryň döredijilik taglymaty

Halkymyzyň mertebesini arşa göteren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty ýyl-ýyldan has-da artýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge we dabaralandyrmaga gönükdirilen beýik işleriniň netijesinde Magtymguly Pyragynyň at-owazasy dünýä ýaýylýar. Çünki akyldar şahyrymyzyň eserlerinde öňe süren pikirdir garaýyşlary, öwüt-ündewleri ähli halklar we döwürler üçin örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada «Ýaşlar – Watanyň daýanjy » atly kitabynda: «Magtymguly – taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr » diýip belleýär. Bu hakykaty Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly » diýlip yglan edilmeginde hem görmek bolýar. Beýik söz ussadynyň şygyrlary diňe türkmen halkynyň edebiýaty däl-de, eýsem, türki dilli edebiýat üçin hem täze bir edebi mekdep bolup durýar. Muny Magtymguly atamyzyň saýlanan eserleriniň dürli ýyllarda birnäçe türki dillerde, ýaňy- ýakynda bolsa gyrgyz dilinde neşir edilmegi hem subut edýär. Umumadamzat şahyryna öwrülen Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini dolulygyna açyp görkezmekde milli Liderimiziň «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy » atly şygry uly äh

Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler we orta atylan oňyn başlangyçlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekdäki nobatdaky ädimler boldy. Şol taryhy mejlisde berlen hasabatlardan hem görnüşi ýaly, ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýyldan başlap zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň ýokarlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş ilimiziň galkynyşly döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak ugrundaky bu asylly işleri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyndan gözbaş alýar. Biz hem şu günler edara-kärhanalarda bolup, hormatly Prezidentimiziň mundan beýläk-de ýurdumyzy ösdürmek ugrunda öňe süren özgertmelerini wagyz-nesihat etmeklige bagyşlanan duşuşyklary geçirýäris. Duşuşyklarda edilýän çykyşlarda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan üstünlikli işler dogrusynda aýratyn nygtalýar. Şeýle hem ýurdumyzyň aýry-aýry pudaklarynyň ösüşini gazanmak ugrunda öňde duran wezipelere aýratyn üns çekilýär. Bagtyýar ildeşlerimiz berkarar döwletimizde adam hakyndaky aladany ähli zat

Bagtyýar ýaşaýşyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 12-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde berlen maglumatlar berkarar döwletimiziň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär. Ol maglumatlaryň her biri watandaşlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň subutnamasydyr. Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21 göterim köpdür.

Bagtly çagalygyň mekany

Güneşli Diýarymyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu möwsümde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlykly we netijeli geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Çagalar ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, wagtlaryny manyly geçirýärler. Mekdep okuwçylarynyň uly topary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökdere jülgesindäki, şeýle-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde şadyýanlykda dynç alýarlar, saglygyny berkidýärler. Tejen etrabynyň mekdep okuwçylarynyň onlarçasy Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp geldiler. Möwsümiň ýakyn günlerde badalga aljak üçinji tapgyrynda hem çagalaryň uly toparyny agzalan merkeze ugratmak meýilleşdirilýär. Gökdere jülgesindäki we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglygyny berkitmek bagtyna eýe bolan çagalaryň sany hem az däl. Bu zatlar çagalara täze okuw ýylynda täze güýç bilen barmaga itergi berýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Aýna önümçiliginde durnukly ösüş

Rowaç işleriň mekany

Rowaçlyga eltýän ösüş ýoluny esaslandyran Milli Liderimiziň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen beýik ösüşleri külterleýän ata Watanymyzyň her güni şatlykly habarlara beslenýär. Ynha, şolaryň birisi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanydyr. Möhüm resminama laýyklykda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde aýdyşy ýaly, döwletimiziň syýasaty bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ösdügisaýyn ynsanperwer syýasat şonça-da giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, geljegimiziň rowaçlygyna ynamymyzy şonça-da berkidýär. Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada getirilen maglumatlar hem biziň her birimiziň döwletimize bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Halkyň ýürek buýsanjy

Düýpli özgerişlikler bilen täze menzillere Hökümetiň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýörite Buýruga gol çekip, üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamagy bilim işgärleridir ýaşlary uly tolgunmalara besledi. Şeýlelikde biziň ýokary okuw mekdebimizde hem dalaşgärlerden resminamalary kabul ediş möwsümine badalga berildi.

Döwrümiz şanly ösüşlere beslenýär

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylyp, oňa ýagşy umyt-arzuwlar, uly ynam bilen girişileni ýap-ýaňy ýalydy. Hasaplap otursak, ondan bäri alty aý, ýagny, ýylyň ýarysy geçipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüş-özgerişinde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylan netijeleri seljermäge-de esas berýär. Eýsem, welaýatymyzyň senagat kärhanalarynda nähili görkezijilere eýe bolundyka? Şanly ýylyň geçen döwründe bitirilen işler, gazanylan önümçilik görkezijileri tutuş ýyly şowly jemlemek üçin berk binýadyň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 11 milliard 950 million manatdan gowraga barabar boldy. Öndürilen önümleriň 3,1 milliard manatlykdan gowragy ykdysadyýetiň döwlet bölegine degişli boldy. Üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary artyş depginleriniň nebit, himiýa, un üweýji-ýarma dürüşdelenen iým we azyk senagatynyň kärhanalarynda emele gelendigi bellärliklidir. Hasabat döwründe aýry-aýry senagat önümlerini öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolundy. Şu ýylyň tamamlanan alty aýynda geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä önümleriň öndürilişiniň artyş depgini benzin, nah ýüplük, sement, şöhlat önümleri we beý

Ak mekdepde ak arzuwlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmeklige gönükdiren döwletli işleri ýaşlary kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim edaralarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi indi biziň ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şu günler bu nurana baýramyň şanyna Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk täze, döwrebap orta mekdebi işe girizmek bilen bagly taýýarlyk işleri hem giň gerimde alnyp barylýar. Biz etrap merkeziniň ajaýyp künjeginde gurulýan bu binada işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşmagy makul bildik. Bizi öň hem kän binalaryňdyr, desgalaryň gurluşygynda öz başarnygy bilen adygan gurluşykçy, häzirki wagtda bu ýerdäki gurluşyk meýdançasynyň başlygy Sapa Esenow güler ýüzli garşylady. Ol sözüniň başynda özüne şeýle jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin bar ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýändigini we özlerinden garaşylýan tamany ödejekdigini ynamly belläp, gurluşyk işleriniň gidişi hakynda şeýle gürrüň berdi:

Üstünliklere beslenýän döwür

Berkarar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milli ykdysadyýetimizde uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Bu üstünlikler bagtyýar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymatlaryndan ugur alýar. Bilşimiz ýaly, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakdan, önümçilik, senagat pudaklaryny, hyzmatlar ulgamyny depginli ösdürmekden, durnukly ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys».

Belent wezipelerden ugur alyp

Welaýat häkimliginde Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli berjaý etmek maksadyndan ugur alnyp, maslahat geçirildi. Onda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — abadan durmuşyň binýady

Täze taryhy eýýamda her bir güni şanly wakalara beslenýän Watanymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alan ösüşler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bedew bady bilen belent maksatlara tarap öňe barýan   döwletimizde il bähbidine gönükdirilen döwletli tutumlar geljekki ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan beýik başlangyçlaryň beýany bolup dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde halkymyzyň abadan, bagtyýar we eşretli durmuşy üpjün edilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Täze eýýamda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri, ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys» diýen sözleri hem tassyklaýar.  Oýlanyşykly we ylmy taýdan işlenip düzülen düýpli özgertmeler ýurdumyzy ösdürmek babatda öňde goýlan aýdyň maksatlara ýetmekde ähmiýetlidir. Ata Watanymyzda halkymyzyň eşretli ýaşamagy, işlemegi, bagtyýar çagalaryň, ýaşlaryň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar ýurdumyzda ynsanperwer işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Ýyldyzlar içinde bir ýyldyz gördüm...

(Arkadag şäherine waspnama) Hoştap howaly asuda gijede asmana bakarsyň. Gögüň ýüzüni bezän ýyldyzlar göwher monjugy kimin öwşün atyşyp, kalbyňda ýakymly duýgulary oýarar. «Ýedigen, Ülker, Mizan, Zöhre, Üçýyldyz, Akmaýanyň ýoly»... diýip, öz ýanyňdan olaryň atlaryny sanarsyň.

Halkymyzyň guwanjy we buýsanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehininden dörän Arkadag şäheri gurýan, döredýän we röwşen geljege ynamly barýan bagtyýar halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Häzirki döwürde ol berkarar Watanymyzyň beýik ösüşleriniň dabaralanmasy bolup, halkara jemgyýetçiligiň belent ykrarnamasyna eýe bolýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri dünýä nusgalyk döwrebap şäherdir. Ol biziň guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan bu ajaýyp şäher ýaşamak üçin iň oňat şertleri özünde jemleýär. Arhitektura taýdan özara sazlaşýan, häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we beýleki möhüm desgalaryň döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen iň ýokary derejede üpjün edilmegi şäheriň esasy aýratynlyklarydyr.

Ýüreklerde orun alan eserler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitabyň jemgyýetimizdäki orny, ähmiýeti örän ýokary bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplary zamanamyzyň iň söýlüp okalýan eserleridir diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Türkmen medeniýeti», «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» we beýleki ençeme gymmatly eserleri, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplary durmuşymyzda ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu günki gün bu eserler her bir raýatyň hemişelik ýankitaplaryna öwrüldi, ýüreginiň töründe orun eýeledi. Ylmy, taryhy, edebi maglumatlara baý bolan bu kitaplar ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmekde, il-güne, zähmete söýgi döretmekde, olaryň edepli-ekramly, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda örän ähmiýetlidir. Halkymyzyň şöhratly taryhy, şanly şu güni, ýol-ýörelgeleri hakynda täsirli söhbetleri, ýaşlar üçin gymmatly öwüt-ündewleri özlerinde jemleýän ajaýyp eserleri peşgeş berip, türkmen halkyny begendirýän, buýsandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň s

Dünýä nusgalyk tutumlar

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Dünýäni haýran edýän şeýle öňegidişlikler halkymyzy çäksiz begendirýär, buýsandyrýar. Her bir raýatyň ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu bolsa ähli ulgamlarda dowam edýän tutanýerli hem yhlasly zähmetde, ýokary iş öndürijiliginde aýdyň görünýär. «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Hut şu maksatlardan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işlerini we «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryny ýörelge edinýän halkymyz ähli ugurlarda dünýä nusgalyk ösüşleri gazanmagy öňünde borç edip goýýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara badalga berilýär we milletimiziň ruhy-medeni taýdan galkynmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.