Dünýä nusgalyk tutumlar

17 Iýul 2024
159

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Dünýäni haýran edýän şeýle öňegidişlikler halkymyzy çäksiz begendirýär, buýsandyrýar. Her bir raýatyň ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu bolsa ähli ulgamlarda dowam edýän tutanýerli hem yhlasly zähmetde, ýokary iş öndürijiliginde aýdyň görünýär.

«Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Hut şu maksatlardan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işlerini we «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryny ýörelge edinýän halkymyz ähli ugurlarda dünýä nusgalyk ösüşleri gazanmagy öňünde borç edip goýýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara badalga berilýär we milletimiziň ruhy-medeni taýdan galkynmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Şadyýan KOÇKAROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar