Ýüreklerde orun alan eserler

17 Iýul 2024
161

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitabyň jemgyýetimizdäki orny, ähmiýeti örän ýokary bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplary zamanamyzyň iň söýlüp okalýan eserleridir diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Türkmen medeniýeti», «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» we beýleki ençeme gymmatly eserleri, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplary durmuşymyzda ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu günki gün bu eserler her bir raýatyň hemişelik ýankitaplaryna öwrüldi, ýüreginiň töründe orun eýeledi. Ylmy, taryhy, edebi maglumatlara baý bolan bu kitaplar ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmekde, il-güne, zähmete söýgi döretmekde, olaryň edepli-ekramly, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda örän ähmiýetlidir.

Halkymyzyň şöhratly taryhy, şanly şu güni, ýol-ýörelgeleri hakynda täsirli söhbetleri, ýaşlar üçin gymmatly öwüt-ündewleri özlerinde jemleýän ajaýyp eserleri peşgeş berip, türkmen halkyny begendirýän, buýsandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Şamuhammet GURBANOW,
Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçilik wzwodynyň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar