Bagtly çagalygyň mekany

18 Iýul 2024
285

Güneşli Diýarymyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu möwsümde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlykly we netijeli geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Çagalar ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, wagtlaryny manyly geçirýärler. Mekdep okuwçylarynyň uly topary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökdere jülgesindäki, şeýle-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde şadyýanlykda dynç alýarlar, saglygyny berkidýärler.

Tejen etrabynyň mekdep okuwçylarynyň onlarçasy Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp geldiler. Möwsümiň ýakyn günlerde badalga aljak üçinji tapgyrynda hem çagalaryň uly toparyny agzalan merkeze ugratmak meýilleşdirilýär. Gökdere jülgesindäki we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglygyny berkitmek bagtyna eýe bolan çagalaryň sany hem az däl. Bu zatlar çagalara täze okuw ýylynda täze güýç bilen barmaga itergi berýär.

Hakberdi SAPARDURDYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap Geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar