Dünýäniň yşky (liriki-filosofiki hekaýa)
Durmuşyň mähribanlyklaryna gujak gerip, mahal-mahal tebigata çykyp, dünýewi pikirler bilen darkaş gurmak meniň ömürlik endigime öwrülipdir. Ynha, bu gün hem şol birwagtky daşymyň ýanyna gelip aýak çekdim, töwerege nazar aýladym. Endigime görä, harsaň daşyň üstünde çöküp, müň öwrümli dünýä hakda pikir-oýlara batyp başladym. Ol pikirler köplenç dünýä, tebigat, söýgi, ene hakda bolýardy. Men pikir yzygiderliligi boýunça olary serimden geçirip başladym. Kalbymda bolsa «Söý meni, dünýä!» diýen jümleler şol ýaňlandy durdy. Elbetde, köňül ýazgylary dünýä bilen özara hyýaly söhbetdeşlikden başlandy. Gör, dünýä, seniň kä ynjyk melek deýin näzik, käte bolsa ýowuz ykbal deýin gazaply göwnüňi tapjak bolup, men nähili külpetli pursatlary başdan geçirdim. Aşyk bolup, ýollarda azaşyp, baglara düşdüm. Baglarda azaşyp, daglardan, derelerden, jülgelerden çykdym. Yşkyň owazyna sesimi goşup, äleme gol serip, kimdir birine sesimi eşitdirjek bolup, şeýle bir gygyrdym. Öz sesime özüm tisginip, honda düşdüm. Meniň sedama çydaman, daglar sandyrap lerzan urdy. Baýyrlarda biten dürli agaçlar meniň halyma dözmän, adamlar kimin dowla düşüp, başlaryny ýaýkadylar. Meniň sesime bütin barlyk