Akademik Baýmuhammet Garryýewiň «Magtymguly» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Kazan we Peterburg uniwersitetleriniň professory I. N. Berezin «Turkestanskaýa hrestomatiýa» atly üç tomluk kitabynyň II tomunda 1862-nji ýylda beýleki eserlerden başga, Magtymgulynyň bir goşgusyny türkmen dilinde arap harpy bilen çapdan çykarypdyr».
«Magrupynyň «Bellidir» şygry Kazan uniwersitetiniň professory I. N. Bereziniň «Turkestanskaýa hrestomatiýa» (1862) kitabyna girizilipdir» diýlip, «Türkmen edebiýatynyň taryhynda» görkezilýär..