Aşgabadyň merkezinde — «Garagum» dükanyna ýanaşyk duran jaýyň birinji gatynda bir goja ýaşaýardy. Ol ýaşuly türkmen edebiýatynyň Han dädesi, has anygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hangeldi Garabaýewdi. Özi aýtmyşlaýyn, kolhoz gurluşygy ýyllary ýetginjeklikde garşylan, dünýäni sarsdyran 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda brigadiriň tabelçisi-hasapçysy bolan, hyjuwy içine sygman, gijeler goşgudyr makala ýazyp, obadaşlary aýtmyşlaýyn, gazet-žurnallarda galamyny oka-ýaraga öwren, gazanylan Ýeňişden soň bolsa özüniň zehin-başarnygyny lükgeligi bilen edebiýatyň kyssa žanryna bagyşlan, köp ýyllap şol wagtky Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz welaýaty boýunça edebi konsultanty-maslahatçysy bolup işlän, ençeme orden-medallaryň eýesi, ençe zehinlilere halypalyk goluny ýetiren Han däde hakda indi hakydalarda ýatlama galdy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýewiň suratlandyryşy ýaly, boýy Daşoguzdaky şabrap duran beýik derege meňzeýän Han dädemiz edebiýat meýdanynda-da syrdam dereklere meňzeş gabaraly eserleri döredip gitdi.