Ömür beýany
(Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda)
Obanyň ortasyndaky edil Monjuk hanyňka meňzedilip agaçdan gurulan jaýyň girelgesinde derek boýly, owadan aýal intizar bolup duran eken. Attila atyndan düşüp, onuň ýanyna ylgap bardy-da, onuň iki elini alyp öpdi, soňra maňlaýyna syldy. Duýgulanan zenan ýigidi bagryna basyp, onuň giň maňlaýyndan öpdi. Bu Attilanyň ejesi (hiç kim oňa «ejeligi» diýip bilmese gerek) Dagdandy.