"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Edebiýat äleminiň ýyldyzlary

Edebiýat äleminde özboluşly ýol edinen ajaýyp şahyr Muhammetmyrat Kömekowyň dür däneleri ýaly eserleri okyjylaryň kalbynda ýaşaýar diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Aramyzdan ir giden şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan goşgulary pikir taýdan goýazylygy, saldamlylygy we täsin şahyrana öwrümlere, söz oýnatmalaryna ýugrulanlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgularyny okasaň, pähim-parasatly goja kişi bilen gürrüňdeş bolan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Çeper meňzetmeler bilen bezelen ol goşgular könelmeýär. Çünki, şahyr durmuş hakykatyndan susup alan pikirlerini şahyrana demi bilen şeýle bir ýugrupdyr welin, olar okan kişini özüne maýyl edýär goýaýýar. Bizem şahyr Muhammetmyrat Kömekowy ýagşylykda ýatlap, onuň arhiwinden alnan goşgularyny “Maru — şahu jahanyň” okyjylaryna höwes bilen hödürleýäris.

Bedew atym, gutly bolsun baýramyň!

Agynan ýeriňde toýlar tutular, Bedew atym, gutly bolsun baýramyň!

Hoja Batyryň degişmeleri

SALKYNLAÝAÝYN DIÝDIM Biziň oglanlyk döwrümizde goňşy Çäçdepe obasyndan Çary aga diýilýän bir ýaşuly egni dutarly biziň obamyza kän gelýärdi. Bir gün ol gyşyň soňky aýynda ýabyň ýakasyndan hiňlenip gelýärkä, ýabyň aňyrsynda kir çyrpyp oturan gelinden bir zat soramak üçin paýapyldan geçmekçi bolupdyr. Çary aga paýapylyň ýarysyna ýetende, gelniň gapdalyndan turan daýaw alabaý itini görüp, özüni suwa oklapdyr.

Iki hekaýat

Lukman hekim we ogly Gyşyň güni ýabyň suwuny kesip, gazy gazylyp, arçalýan döwri Lukman Hekimiň ogly türkmen obalarynyň birine barýar eken. Görse, oba barýan ýaby arçap ýören gazyçylar günorta naharyna çykypdyrlar. Özlerem ýapdan çykaran öl gumlaryny ýassanyp, çaý-nahar edinip otyrlar, diýýär. Bu ýagdaýy gören ýigit öýlerine gelip, kakasyna şeýle diýýär:

Bileniň — baýlygyň

Uly çuňluk kenary Dünýä meşhur syýahatçy Hristofor Kolumbyň dördünji syýahaty 1502-nji ýylda başlanýar. Ol şol ýylyň özünde Merkezi Amerikanyň kenarlaryna gelýär. Kenara gelip, ýerli ilatdan maglumat almak üçin gämiden ýere düşmekçi bolanda, kenaryň gyralary örän çuň eken. Şonuň üçin şu burna “Gonduras” diýip at dakýarlar. Ispançadan terjime edilende, bu söz “Düýpsüz çuňluk” diýen manyny berýär. Şondan soň Gonduras ady Ýukatan ýarym adasynyň günortasyndaky kenara ýörgünli bolýar.

Sözeni sogran pälwan...

Sözen ösümligi örän gaty hem berk agaç. Sözen agajyndan bolan taýagy janly-jandara galdyrmak bolmaýar. Munuň sebäbi, gahar edip bir jandary uraýan ýagdaýyňda oňa erbet şikes ýetirersiň diýildigidir. Sözeniň bitýän ýerleri ak çägelikde bolup, onuň reňki çal, özem maýda pürli bolýar. Sözen tikenli agaçdyr. Sözeniň tohumynyň daşynda ýigrimi ýedi gat dolagy bolýar. Ol her ýylda dokuz gatyny ýaryp, üç ýylda gögeriş alýar. Şonuň üçin şeýle bir pähim bar: “Üç dokuzy ýaran sözen, tohumyny ýele bermez”.

Halkyň hazynasyndan

KEÝMIR KÖR ATAMYZ AÝDYPDYR... Bir gezek Keýmir kör atamyzdan sorapdyrlar:

Tymsallar

ÖWÜT Bir obada özüniň gödek häsiýeti bilen köp obadaşlarynyň göwnüne degen ýaş ýigit ýaşaýar eken. Her kim ony görenden, ýüzüni öwrüp geçýän eken. Ahyry bu ýagdaýa çydamadyk ýigidiň kakasy onuň eline içi çüýli halta beripdir-de:

Şygryýet älemi

BAHAR Açyň penjiräni, açyň gapynyBahar geldi, bahar geldi ilime.Alyslara kowup gaýy-tupanyBahar geldi, bahar geldi ilime.

Jana-jan dostluk

Ahalteke bedewleriniň janköýeri hormatly Prezidentimiziň «Biziň buýsanjymyz Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr» diýen sözleriniň näderejede gymmatlydygyny seljermek üçin, ilki bilen, gamyşgulak bedewleri ýürekden söýmeli. Altyn suwy berlen ýaly lowurdap duran endamyny, ýüpek ýaly ýallaryny, alma ýaly gözlerini synlap, olar bilen ýürekden gürleşmeli. Mylaýymlyk bilen maňlaýyndan sypap, onuň hakyky janköýeridigiňi duýdurmaly. Munuň üçin, megerem, aýratyn bir tilsim gerek däldigine, olaryň seniň hyýalyňy garaýşyňdan syzýandygyna hormatly Prezidentimiziň öz bedewleri bilen didarlaşandaky mähremlik aýdyň mysaldyr. Şol mähremligiň netijesinde milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly çuňňur many-mazmunly, taryhy hakykaty çeper we anyk maglumatlar bilen beýan edýän gymmatly eserleri peýda boldy. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, arkama-arka dowam edip gelýän ahalteke bedewine bolan söýgi hormatly Prezidentimiziň eline döwet galamyny berip, zehin atyny çarpaýa galdyrypdyr. Şonuň üçinem milli Liderimiziň: «Hormatly okyjylar, siziň ähliňiz türkmen halkynyň özüniň bedewine bolan çäksiz söýgüsiniň keramatyna göz ýetirersiňiz diýip umyt edýä

Wysal (hekaýa)

Aýbike ene hem aglady, hem güldi. Aslynda-ha sähel ahmyr yzasy goşulypdyr diýmeseň, gözýaşam begençdendi. Ahmyrmy? Wa-a-h, sorama şony? Bagyrda ba:ş, didede ýaş, ýürekde da:ş bolup galan hijrandyr ol. Hijranam-aýralyk-da, janlarym! Göbek ganyň şu ýere — Ýekesöwüt gyşlagyna damanam bolsa, düýp kökeniň aňyrda, ho-ol towlanyp dumana gaplanyp ýatan derýanyň — Jeýhunyň Kelif daglaryna ýetip, egremçe ýasaýan ýerinde — Garkyn obasynda ýatyr ahyry! Ykbalyň bu günki oýnuna näme diýersiň?! Birwagtlar ata-babalaryň atly-eşekli, düýeli, ýabyly gaýdan ýerinden bu ýere otly ýol geldi oturyberdi. «Türkmenistandan otly ýol çekiljekmiş» şow-şowy ýaýranda togsany tegelän Aýbike ene däl, bu ýeriň tutuş jelegaýy-halaýygy haýrana galdy. Aýbike ene-hä gorkdam. Gübürdäp, ýer sarsdyryp gelende şapadaň çalyşýan oglanlaryň arasynda agtygy Babyşy görende gara jany galmady. Ellerini galgadyp, gyňajyny taýak ýaly edip, garry göwre olaryň yzyndan galgap gitdi.

Mugallym

Ýadymda ilki gezek,Ak mekdebe ugranym.Sizi unutmaz ýürek,Bilim beren mugallym. Bilim aldym men sizden,Edep-terbiýe aldym.Ornuňyz törümizden,Bilim beren mugallym.

Ylham öwüşginleri

Türkmenistan Göwün göge galkdy guş deý, kalba salan mähriň bilen,Ýollar bagta alyp barýar Arkadagyň pähmi bilen,Ýörelgämiz — agzybirlik, bir jan-tendir ählimiz hem,Ümzügimiz öňe sary, adyň eýläp dilde dessan,Saňa söýgim egsilmezdir, jan Watanym Türkmenistan!

Jan Watanym Türkmenistan!

Arkadagly Watanymsyň,Jan Watanym Türkmenistan!Gerçekleriň Watanysyň,Jan Watanym Türkmenistan! Ak mermerden paýtagtyň bar,Jan Watanym Türkmenistan!Bäş welaýat — jem halkyň bar,Jan Watanym Türkmenistan!

Görelde (Hekaýa)

Iňlis dili sapagynda mugallym hemişeki ýaly öý işlerini soraýardy. Okuwçylar tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirýärdiler. Nobat yzky partada oturan Gülälege ýetdi. Orta ýaşlaryndaky mugallym häsiýetine mahsus mylaýymlyk bilen ony tagta çagyrdy: — Hallyýewa, geläý tagta!

Ýaz pasly

Ülkämize ýene bahar gelipdir,Atyr ysly elwan gülleri bile.Ýaşyl ýaýla mahmalyny seripdir,Baglaryň pyntyklan telleri bile. Ak bulut eçilýär ak çagbasyny,Garry mama çalýar saz nagmasyny,Älemgoşar gökde al öýmesini, Ýelpeýär mylaýym ýelleri bile.

Halasgär

(Bolan waka) Goňşymyzyň Garabaý atly iti bardy. Ol tutuş syrgynymyzyň sak goragçysydy. Garabaý obamyzdaky çagalaryň hem iň söýgüli jandarydy. Emma ýüze çykan bir waka ony has hem meşhur etdi. Bu waka şeýle bolupdy.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna

ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGI — DÜÝPSÜZ UMMAN Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de bütin dünýä wagyz etmek aýratyn üns berilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Şonuň ýaly-da dünýä ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşan alymlarymyzyň, filosoflarymyzyň, akyldarlarymyzyň döredijiligini öwrenmegimize giň mümkinçilikler döredildi. Şol beýik şahsyýetleriň biri-de, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren, çeper söz sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly hyzmatlary bitiren, döredijilik dünýäsi düýpsüz ummana deňelýän türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr.

Söz sungatyna sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, taryhymyzda dana döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna we filosofiýasyna taýsyz goşant goşan nusgawy şahyrlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek hakynda gol çeken resminamasy hem muňa şaýatlyk edýär. Şirin dilli söz ussady, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň öz gözel iliniň bagty üçin bitiren hyzmatlaryny, ozaly bilen, il-güni agzybirlige, bitewülige çagyrmagynda il-ýurt, döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatlaşyp çözmegi ündemeginde görýäris. Akyldar şahyrymyz:

Şygryýet älemi

Bahar Mymyjak şemala mähir-nur çaýyp, Bagtyýar Diýara bahar gelipdir.Pyntyklan baglary güneşe çoýup, Bagtyýar Diýara bahar gelipdir.