Edebiýat äleminiň ýyldyzlary

14 Aprel 2021
776

Edebiýat äleminde özboluşly ýol edinen ajaýyp şahyr Muhammetmyrat Kömekowyň dür däneleri ýaly eserleri okyjylaryň kalbynda ýaşaýar diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Aramyzdan ir giden şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan goşgulary pikir taýdan goýazylygy, saldamlylygy we täsin şahyrana öwrümlere, söz oýnatmalaryna ýugrulanlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgularyny okasaň, pähim-parasatly goja kişi bilen gürrüňdeş bolan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Çeper meňzetmeler bilen bezelen ol goşgular könelmeýär. Çünki, şahyr durmuş hakykatyndan susup alan pikirlerini şahyrana demi bilen şeýle bir ýugrupdyr welin, olar okan kişini özüne maýyl edýär goýaýýar.

Bizem şahyr Muhammetmyrat Kömekowy ýagşylykda ýatlap, onuň arhiwinden alnan goşgularyny “Maru — şahu jahanyň” okyjylaryna höwes bilen hödürleýäris.

Beýleki habarlar