Jana-jan dostluk

13 Aprel 2021
1004

Ahalteke bedewleriniň janköýeri hormatly Prezidentimiziň «Biziň buýsanjymyz Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr» diýen sözleriniň näderejede gymmatlydygyny seljermek üçin, ilki bilen, gamyşgulak bedewleri ýürekden söýmeli. Altyn suwy berlen ýaly lowurdap duran endamyny, ýüpek ýaly ýallaryny, alma ýaly gözlerini synlap, olar bilen ýürekden gürleşmeli. Mylaýymlyk bilen maňlaýyndan sypap, onuň hakyky janköýeridigiňi duýdurmaly. Munuň üçin, megerem, aýratyn bir tilsim gerek däldigine, olaryň seniň hyýalyňy garaýşyňdan syzýandygyna hormatly Prezidentimiziň öz bedewleri bilen didarlaşandaky mähremlik aýdyň mysaldyr. Şol mähremligiň netijesinde milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly çuňňur many-mazmunly, taryhy hakykaty çeper we anyk maglumatlar bilen beýan edýän gymmatly eserleri peýda boldy.

«Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, arkama-arka dowam edip gelýän ahalteke bedewine bolan söýgi hormatly Prezidentimiziň eline döwet galamyny berip, zehin atyny çarpaýa galdyrypdyr. Şonuň üçinem milli Liderimiziň: «Hormatly okyjylar, siziň ähliňiz türkmen halkynyň özüniň bedewine bolan çäksiz söýgüsiniň keramatyna göz ýetirersiňiz diýip umyt edýärin» diýmeginiň aňyrsynda ahalteke bedewine söýginiň bu maşgala daragtynda has çuňdugyna guwanjyňy goşalaýar. Çünki Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň behişdi bedewdigini, ajaýyplygy we ösüşiň her täze zamanynyň ruhlandyryjy alamaty bolandygyny ussatlyk bilen okyjynyň aňyna ýetirýär.

Ogulgerek USSAÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar